Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi TIF-2025 sergisinde üstünliklerini görkezýär
18.09.2025 | 16:20 |Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda, Awazada geçirilýän 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF-2025) çäklerinde halkara sergi açyldy.
Bu giň gerimli serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi ýurdumyzyñ sanly tehnologiýalar we telekommunikasiýalar ugrunda maýa goýum mümkinçiliklerini görkezýän üstünliklerini hem-de geljekki taslamalaryny tanyşdyrdy.
Sergi meýdançasynda gatnaşyjylaryň ünsüni milli aragatnaşyk infrastrukturasyndaky ösüşe, innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagyna we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine gönükdirilen taslamalar özüne çekdi.
Ministrligiň wekilleri sanlylaşdyrmagyň Türkmenistanyň strategiki ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, bu ugra goýulýan maýa goýumlaryň bolsa hyzmatdaşlar we maýadarlar üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar.
ORIENT