Iň täze habarlar

LL3M: tekst esasynda Blender-de 3D-obyektleri döredýän AI modeli

22.08.2025 | 16:30 |
 LL3M: tekst esasynda Blender-de 3D-obyektleri döredýän AI modeli

Çikago uniwersitetiniň alymlar topary LL3M (Large Language 3D Modeler) atly öňdebaryjy dil modeli bilen tanyşdyrdy. Ol 3D modelirleme üçin täze usul bolup durýar. Ol tekst görnüşindäki görkezmeleri ulanmak arkaly awtomatiki ýagdaýda Python kody döredýär we şol bir wagtyň özünde Blender programmasynda çylşyrymly üç ölçegli obyektleri döretmäge hem-de redaktirlemäge mümkinçilik berýär.

Ýönekeý 3D modellerini döredýän beýleki emeli aň ulgamlaryndan tapawutlylykda LL3M döredijilik hyzmatdaşlygy ýörelgesinde işleýär. Model diňe bir kody generirlemän, eýsem «wizual öz-özüni seljermäge» hem ukyplydyr: netijäni derňäp, özbaşdak düzedişleri girizýär. Ulanyjy bolsa islendik wagtda jogap bermek arkaly ýokary derejeli üýtgetmeleri girizip bilýär.

LL3M-niň esasy aýratynlygy — düşündirişler bilen üpjün edilen düşnükli we gowy gurluşly kody döretmekdir. Bu bolsa ony redaktirlemegi has aňsatlaşdyrýar. Model diňe bir aýratyn obýektleri (mysal üçin, pianino ýa-da raketa) däl, eýsem köp sanly jikme-jiklikleri we olaryň iýerarhiýasyny öz içine alýan tutuş çylşyrymly sahnalary hem döredip bilýär.

ORIENT

Foto: habr.com

Şeýle hem okaň: