Awazada BMG-niň LLDC3 maslhatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi
03.08.2025 | 21:15 |Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi.
Bu dabara, her on ýylda bir gezek geçirilýän we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça hemmetaraplaýyn ösüşiniň meselesine bagyşlanan ählumumy forumyň ähmiýetiniň beýany boldy.
Baýdak galdyrmak dabarasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňze çykalgasy bolmadyk iň az ösen ýurtlar, ösüp barýan ýurtlar we ösüp barýan kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň gatnaşmagynda geçirildi.
“Awaza hoş geldiňiz. Maslahata gatnaşyjylaryň hemmesine üstünlik arzuw edýärin!” – diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyşynda aýtdy. Rabab Fatima, forum ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrar we giňelder diýip, umyt bildirdi.
Türkmenistan uly jogapkärçilik bilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny üstünlik geçirmek üçin zeruer taýýarlyk işlerini geçirdi.
Bu möhüm waka, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramak, berkitmek, ähli döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýan köptaraplaýyn halkara derejesindäki meýdança hökmünde garaýandygyny tassyklamaga gönükdirilendir.
ORIENT