Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini Milli baýramçylyk mynasybetli gutlady
23.07.2025 | 09:20 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä hem-de ýurduň ähli halkyna Müsür Arap Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz gutlagynda Müsüriň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, dostlukly müsür halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Müsürde her ýylyň 23-nji iýulynda bellenilýän Ynkylap güni 1952-nji ýylyň Iýul ynkylabynyň ýyllyk senesine bagyşlanýar. Iýul ynkylabynyň netijesinde monarhiýa düzgüni agdarylyp, respublika yglan edildi. Bu baýramçylyk Müsüriň taryhynda garaşsyzlyk, sosial adalatlylyk we milli özygtyýarlylyk ýörelgelerine esaslanýan täze eýýamynyň başlangyjyny alamatlandyrýar.
ORIENT