“Kids Expo 2025” stendleri öňünden sargyt etmek üçin kompaniýalary çagyrýar
10.07.2025 | 14:10 |Çagalar pudagynda ýylyň möhüm wakalarynyň biri – “Kids Expo 2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy ýakynlaşýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “TurkmenExpo” tarapyndan gurnaljak bu çäre Aşgabat şäherinde 21-23-nji awgust aralygynda geçiriler.
Biz çagalaryň önümleri we hyzmatlary pudagynda işleýän ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalaryna sergi stendleriniň öz wagtynda sargyt edilmegine üns bermegi maslahat berýäris. Bu iň gowy ýeri almaga we doly derejede gatnaşmaga mümkinçilik berer.
“Kids Expo 2025” – bu diňe bir sergi meýdançasy däl, eýsem siziň işewürligiňizi ösdürmek üçin merkezleşdirilen meýdançadyr:
• Işewür gatnaşyklary giňeltmek: Ýerli we halkara kompaniýalar bilen täze gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýuň. Bu täze taslamalary ara alyp maslahatlaşmak we şertnamalara gol çekmek ýaly B2B we B2G özara hyzmatdaşlyk üçin gönüden-göni mümkinçilikdir.
• Giň köpçüligiň öňüne çykmak: Öz önümleriňizi köp sanly sarp edijilere (ene-atalar we çagalar) şeýle hem B2B-alyjylara (satuw ulgamynyň wekilleri) we täze önümler we täjirçilik teklipleri bilen gyzyklanýan pudagyň hünärmenlerine hödürläň;
• Ösüş üçin pikirler we mümkinçilikler: Sergide innowasiýanyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary görkeziler. Bu bolsa gatnaşyjylara diňe öz çözgütlerini görkezmek bilen çäklenmän, täze önümleri we hyzmatlary döretmek, şeýle hem geljekki işleriniň ugurlaryna düşünmek üçin ylham almaga mümkinçilik berer.
Elýeterli stendleriň sany çäklidir, şonuň üçin bu möhüm meýdançada has gowy ýeri eýelemek mümkinçiligini elden gidirmezlik üçin öňünden gatnaşmagyňyzy üpjün etmegiňizi maslahat berýäris. “Kids Expo 2025” gatnaşyjylar – bu markaňyzy tanamak, aragatnaşyk ulgamyňyzy giňeltmek we ösüşiň täze ugurlaryny tapmak üçin maýa goýumdyr.
Has giňişleýin maglumat üçin çäräniň resmi web sahypasyna giriň: kids.turkmenexpo.com ýa-da Guramaçylyk komitetiniň elektron poçtasy arkaly: contact@turkmenexpo.com ýa-da telefon arkaly habarlaşyň: +993-71-87-18-13; +993-63-50-15-51.