Kantri-rok Gündogarda: amerikaly sazandalar aşgabatlylaryň kalplaryny eýeledi
07.07.2025 | 04:08 |Geçen dynç günlerinde “Türkmenistan” kinokonsert merkezi amerikaly kantri-rok sazynyň jümmüşine öwrüldi: Jessika Linniň toparynyň konserti doly zalda geçdi. Birinji gezek Türkmenistana gelen sazandalar ýanlary bilen diňe bir täsirli sazlary däl-de, eýsem ajaýyp maşgala gurşawyny hem sowgat getirdiler.
Konsertden öň geçirilen metbugat maslahatynda Jessika Linn öz üstünliginiň syry bilen paýlaşdy: onuň saz topary dolulygyna diýen ýaly maşgala agzalaryndan ybaratdyr: kirişli saz guralyny ejesi Wiktoriýa Kalamera, bas-gitarany kakasy Piter Kalamera, gitarany Jessikanyň ýoldaşy Stiwen Sterpaçi çalýar. Ýeke-täk kadadan çykma, olam deprekçi Mett Bauer – maşgalanyň dostydyr.
Jessika Nýu-Ýorkda doglup, ol ýerde kantri-rok esasy diňlenilýän saz bolmasa-da, oňa bolan söýgini kakasy çagalykdan başlap döretdi. Jessika amerikaly fermerleriň bu aýdym-saz ugruny söýýändigini aýtdy. Topar on ýyldan bäri hereket edip, dünýäniň ýigrimi ýurdunda çykyş edip ýetişdi hem-de ähli ýerde toparyň sazlary tomaşaçylary haýran galdyrýardy.
“Biziň Türkmenistana ilkinji gezek gelşimizdir. Bizi bolsa siziň paýtagtyňyzyň arassaçylygy haýran galdyrdy. Aşgabatlylaryň öz şäherini tüýs ýürekden söýýandikleri duýulýar” – diýip, Jessika gürrüň berdi. Şeýle hem, ol garaşylmadyk duşuşyk barada hem belledi: “Magistr bolup hem-de bütin dünýä boýunça onlaýn sapaklary berip, men başga yklymda öz okuwçyma Döwran Şammyýewe duşjagymy göz öňüne hem getirip bilmeýärdim”.
Ilkinji sazdan başlap, Jessika Linn zalda ýygnanan myhmanlarda öz mähirliligi we açyk janly aragatnaşygy bilen täsin galdyrdy. Hyjuwdan doly joşgunly kantri-rok owazlary zähmet hepdeliginiň ajaýyp tamamlanmasy boldy. Aşgabatly tomaşaçylar janly gyzyklanma bilen amerikaly aýdym-saz dünýäsine aralaşdy.
Tomaşaçylar üçin Jessikanyň okuwçysy meşhur türkmen aýdymçysy Döwran Şammyýewiň sahna çykyşy hakyky garaşylmadyk sowgat boldy. Amerikaly aýdymçy bilen bilelikde ol Daffiniň, Emi Uaýnhausyň we Reý Çarlzyň meşhur eserlerinden aýdymlary ýerine ýetirip, uly el çarpyşmalara eýe boldy. Aýdym-saz hyjuwy şadyýanlyk paýlap, käbir tomaşaçylar hatarlaryň arasyndaky geçilýän ýerlerde tans edip başladylar. Jessika bolsa depreklere geçip, tomaşaçylaryň bu äheňini alyp göterdi.
Konsertiň ahyrynda ýene bir ajaýyp pursatlaryň biri bolup geçdi: amerikaly aýdymça meşhur türkmen jazz ýerine ýetirijisi Maýsa Niýazowa hem goşulyşdy. Bilelikde olar tomaşaçylaryň öňünde Şanaýi Tweýniň meşhur aýdymy “Hakyky zenan bolmak üçin meniň ähli zadym bar” diýen aýdymyny ýerine ýetirdiler. Bu aýdym hem uly el çarpyşmalara eýe boldy.
ABŞ-niň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan amerikaly toparyň çykyşlary iki ýurduň medeni hyzmatdaşlygynda ajaýyp pursat boldy hem-de bu ugurda täze gyzykly duşuşyklaryň we duýgylaryň boljagyna wada berdi.