Awaza her ýyl 150 müňe golaý dynç alýanlary kabul edýär
13.08.2025 | 10:03 |Balkan welaýatynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy Türkmenistanyň şypaly dynç alynýan esasy ýerleriniň biri hökmünde orunlaryny berkitmegi dowam etdirýär. Her ýyl bu syýahatçylyk merkezine 150 müňe golaý myhman gelýär. Bu barada Anadolu ajansı habar berýär.
Awaza özüniň ak mermerli binagärçiligi, arassa köçeleri, çägeli kenarlary we dury suwy bilen syýahatcylary özüne çekýär. Ajaýyp myhmanhanalardan gezelenç seýilgählere we dynç alyş zolaklaryna çenli ösen kenarýaka infrastrukturasy bu sebiti hem maşgala dynç alyş günleri, hem-de işewürlik çäreler üçin isleg bildirilýän ýerleriň birine öwürýär.
Bu ýerde eýýäm birnäçe giň gerimli halkara çäreler geçirildi. Ýaňy-ýakynda bolsa BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahaty (LLDC3) üstünlikli geçirildi.
Ulag ulgamynyň ösdürilmegi we bu ýerde baglaryň giň gerimde ekilmegi Awazany ýylyň islendik paslynda syýahatcylar üçin amatly we özüne çekiji ýere öwürýär.
ORIENT