"Türkmenhowaýollary" Kazana we Jidda göni howa gatnawlarynyň sanyny köpeldýär
13.08.2025 | 11:50 |26-njy oktýabrdan başlap "Türkmenistan" awiakompaniýasy Kazan we Jidda ugurlary boýunça has köp howa gatnawlaryny ýerine ýetirip başlar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda neşir edilen täze gatnaw tertibi tassyklaýar.
Kazana amala aşyrylýan gatnawlaryň sany hepdede ikiden dörde çenli köpeldiler. Uçuşlar sişenbe, çarşenbe, şenbe we ýekşenbe günlerinde ýerine ýetiriler.
Jidda ugry boýunça gatnawlaryň sany hepdede ikiden üçe ýetiriler. Indi uçuşlar sişenbe, çarşenbe we anna günlerinde amala aşyrylar. Täzelenen gatnaw tertibi awiakompaniýanyň saýtynda ýerleşdirildi. Ýolagçylar uçuşlaryň anyk wagty bilen tanşyp, öňünden biletleri sargyt edip bilerler.
ORIENT