TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit-himiýa önümleri, nah ýüplügi we pagta galyndylary boýunça geleşikler baglaşyldy
27.07.2025 | 14:45 |26-njy iýul, şenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde nebit-himiýa hem-de ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.
Owganystanly telekeçiler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Türkiýeniň we Gonkongyň wekilleri bolsa türkmen telekeçileri bilen nah ýüplügini we pagta galyndylaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewürleri bolsa “Türkmennebit” döwlet konserninden “ТPP D 30 S” kysymly polipropileni, “SN-180” kysymly esas ýagyny hem-de parafin gajy satyn aldylar.
Geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde jemi 7 şertnama baglaşylyp, umumy bahasy 44 496 000,00 manada we 636 538,75 ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news