Iň täze habarlar

Türkmen kontenti halkara Silk Way media platformasyna çykýar

11.06.2025 | 14:10 |
 Türkmen kontenti halkara Silk Way media platformasyna çykýar

Silk Way Central Asia halkara media taslamasynyň çäklerinde türkmen tomaşaçylary üçin kontenti uýgunlaşdyrmak boýunça işler güýçlenýär. Geljekde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen material alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek meýilleşdirilýär.

Guramaçylaryň bellemegine görä, taslama Merkezi Aziýanyň bitewi maglumat giňişligini emele getirmäge hem-de sebitiň ýurtlarynyň isleglerini dünýä derejesinde öňe sürmäge gönükdirilendir. Silk Way teleýaýlymy gazak, gyrgyz, rus, iňlis, özbek we türk ýaly alty dilde gepleşikleri alyp barýar. Şeýle-de Täjigistanyň we Türkmenistanyň tomaşaçylary üçin materiallary uýgunlaşdyrýar.

Ýaýlym geografiýasy 120 ýurdy öz içine alyp, onuň mümkin bolan tomaşaçy köpçüligi 300 mln-dan gowrak adam düzýär. Ýaýlymda eýýäm New Time – Merkezi Aziýanyň esasy wakalarynyň iňlis dilindäki habarlary hem-de sebitiň zenanlarynyň üstünlikleriniň hekaýalaryna bagyşlanan “Success stories of Central Asian Women” (Merkezi Aziýa zenanlarynyň üstünlikleriniň hekaýalary) atly gepleşikleri çykýar.

Taslama baradaky maglumat Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiň başlygy Nurlanbek Turgunbekiň Gazagystana amala aşyran saparynyň dowamynda hödürlendi. Astanada ol Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradio toplumyna baryp, ol ýerde media düzümiň işi bilen tanyşdy, Jibek Joly teleýaýlymynyň studiýasyna baryp gördi hem-de sebitiň media hyzmtdaşlygynyň mümkinçilikleri barada maslahatlaşdy.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: