Aşgabatda iýul soňky ýyllaryň iň salkyn aýlarynyň biri bolup biler
04.07.2025 | 15:30 |Aşgabatda şu tomus adatdan daşary ýagdaýda geçýär: iýun aýy soňky onýyllygyň iň salkyn aýy boldy we hünärmenler 2025-nji ýylyň iýulynyň hem şuňa meňzeş bolup biljekdigini aýdýarlar. Iýun aýynda ortaça aýlyk temperatura 2013-nji ýyldan bäri ilkinji gezek +30°-dan pes boldy, bu bolsa soňky ýyllardaky aýratyn yssy iýun aýlary bilen kesgin tapawutlanýar.
Mysal üçin, 2015, 2020, 2021, 2022 we 2023-nji ýyllarda iýun aýynyň ortaça temperaturasy howa kadalaryndan ep-esli ýokarydy. 2015-nji ýylyň iýunynda diňe bir iýun üçin däl, eýsem bütin ýyllyk gözegçilik döwrüniň hem iň ýokary temperaturasy hasaba alyndy: +47,2°.
Bu ýyl ýagdaý başgaça. Adatdan daşary yssy ýaz aýlaryndan — rekord derejede yssy maýdan we soňky 134 ýylyň dowamynda ikinji iň yssy aprel aýyndan soň — iýun aýy has salkyn we howa kadalaryna golaý boldy. Aýyň birinji ýarymynda sowuk howa akymlarynyň gelmegi sebäpli birnäçe gün temperatura yzygiderli adaty derejelerden ep-esli pes boldy. Mysal üçin, 8-nji iýunda gündizki iñ ýokary temperatura bary-ýogy +19° boldy — tomsuň başynda şäher üçin örän seýrek duşýan ýagdaý.
Hünärmenleriň çaklamagyna görä, iýulda hem şuňa meňzeş howa şertleri dowam eder. Aýyň ortaça temperaturasy howa derejesiniň töwereginde (±1°) bolmagy ähtimal (+31,7°), käbir gysga wagtlaýyn yssy howanyñ bolmagy mümkin (+40°-den ýokary), ýöne uzaga çekýän ýa-da aşa yssy tolkunlara garaşylmaýar.
Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň iýuly soňky ýyllaryň iň bir aram howaly aýlarynyň biri bolup biler. Bu bolsa şu tomsuň öňki ýyllardan has salkyn boljakdygy baradaky howa hünärmenleriniñ çaklamalaryny tassyklaýar.
ORIENT