Iň täze habarlar

Türkmenistan Eýranyñ üsti bilen beýleki ýurtlara gazyñ üstaşyr geçirilmegini artdyrmagy göz öňünde tutýar

20.05.2025 | 00:48 |
 Türkmenistan Eýranyñ üsti bilen beýleki ýurtlara gazyñ üstaşyr geçirilmegini artdyrmagy göz öňünde tutýar

Türkmenistan energiýa serişdeleriniň eksportyny giňeltmek maksady bilen, Eýran arkaly beýleki ýurtlara tebigy gazyñ üstaşyr geçirilýän möçberini artdyryp biler. Bu barada duşenbe güni Tähranda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.

Meredow Aşgabadyñ öz nebit-himiýa taslamalaryna eýranly maýadarlary çekmegi meýilleşdirýändigi barada aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu pikir Türkmenistanyň gaz serişdelerini has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berip biler.

Bu çykyş Türkmen-eýran ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň dowamynda beýan edildi. Mejlisiñ barşynda iki ýurduň resmi wekilleri söwda, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy diýip, Press TV habar berýär.

Soňky ýyllarda Eýran Türkmenistanyň tebigy gazyny alyş-çalyş esasynda Azerbaýjana we Yraga ibermek bilen bagly birnäçe ylalaşyklary baglaşdy diýip, Eýranyň halkara habarlar teleýaýlymy ýatladýar.

Alyş-çalyş ylalaşyklary Eýranyň ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän esasy ilatly nokatlaryna we senagat merkezlerine tebigy gaz ýetirmek mümkinçiligini giňeldýär.

Şeýle hem, Eýran ýylda takmynan 2 milliard kilowat-sagat elektrik energiýasyny Türkmenistandan import edýär. Bu ýurduñ demirgazyk-gündogarynda elektrik energiýasyna artýan islegi kanagatlandyrmak üçin zerur hasaplanylýar.

Mart aýynyň başynda BOTAŞ bilen «Türkmengaz» arasynda Eýran arkaly Türkiýä tebigy gaz ibermek boýunça ylalaşyga gelnendigi habar berildi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: