Iň täze habarlar

Türkmenistan BSG-na taýynlyklaryny güýçlendirýär: Aşgabatda nyrh gepleşikleri boýunça seminar geçirildi

15.05.2025 | 23:15 |
 Türkmenistan BSG-na taýynlyklaryny güýçlendirýär: Aşgabatda nyrh gepleşikleri boýunça seminar geçirildi

Aşgabat, 16-njy maý | ORIENT. Türkmenistany dünýä söwda ulgamyna goşmak işiniň möhüm tarapyna bagyşlanan iki günlük seminar geçirildi. Onda Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulandan soň nyrh ýeňillikleri barada gepleşik geçirildi. 14-15-nji maý aralygynda “Arçabil” myhmanhanasynda geçirilen bu çäre, ýurduň 20-den gowrak ministrligiň we edalaryň wekillerini, şol sanda ýokary okuw mekdepleriň mugallymlaryny bir ýere jemledi hem-de Türkmenistanyň BSG-a goşulmak ugrundaky tagallalaryny işjeňleşdirmekde möhüm ädim boldy.

Bu seminar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Halkara söwda merkezi (HSM) bilen hyzmatdaşlyk Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistan: Söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa” atly taslamasynyň çäginde guraldy. Bu taslamanyň esasy ugurlaryndan biri, Türkmenistanyň wezipeli we döwlet işgärleriniň BSG-a goşulyşmak işine üstünlikli gatnaşmak mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdyr.

HSM-niň harytlaryň söwdasy boýunça uly bilermeni we BSG-niň Ykdysady barlaglar we statistika bölüminiň bazara giriş seljermesi bölüminiň öňki başlygy halkara derejeli bilermen Ýurgen Rihtering gatnaşyjylar bilen öz bilimini we tejribesini paýlaşdy.

turkmenistan-vto-seminar-po-tarifnym-peregovoram (4).jpg

Seminary açyp, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň BSG bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri Ylham Ýaraşow, BSG-a goşulmak ugrunda işjeň hereket edýän Türkmenistan üçin şeýle çäreleriň geçirilmeginiň örän möhümdigini belledi. Milli hünärmenlerden zerur bilimler we başarnyklar bilen doly üpjün edilmegini talap edip, Guramanyň gyzyklanýan agzalary bilen geljekde ikitaraplaýyn gepleşikler üçin ýer taýýarlaýarlar. Harytlaryň söwdasy nukdaýnazaryndan, netijeli söwda strategiýalaryny işläp düzmek we eksporta gönükdirilen ykdysadyýeti ösdürmek üçin nyrh borçnamalaryna, nyrh däl çärelere we gelip çykyş kadalaryna düşünmegiň aýratyn ähmiýeti bellendi.

Iki günüň dowamynda, seminara gatnaşyjylar geljekki agzalygyň esasy taraplaryna düşünjelerini çuňlaşdyrdyryp, BSG-niň çäginde harytlary bazara girizmegiň esasy düzgünleri bilen tanyşdylar. Milli pudaklary goramak üçin möhüm gural bolan nyrhlar meselesine aýratyn üns berildi. Bilermen aýratyn wezipeleri jikme-jik gözden geçirdi we iş ýüzünde olaryň adwalor ekwiwalentlerini hasaplamagyň usullaryny görkezdi.

Gepleşigiň amaly taraplary uly gyzyklanma döretdi. Gatnaşanlar nyrh ýeňillikleri meselelerini işjeň ara alyp maslahatlaşdylar, mümkin bolan ýeňillikleriň sanawyny düzmegi we öňde boljak gepleşikleriň çagyryşlaryny we mümkinçiliklerini seljermegi öwrendiler. Oba hojalyk önümleriniň söwdasy bilen baglanyşykly ýörite meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

turkmenistan-vto-seminar-po-tarifnym-peregovoram (3).jpg

Özünde galdyran täsirlerini paýlaşan jenap Ýurgen Rihtering, gatnaşyjylaryň köp sanlydygyny we gyzyklanma bildirip gatnaşýandyklaryny belläp, Aşgabatda seminaryň guralyşyna ýokary baha berdi. Ol gatnaşyjylaryň ara alnyp maslahatlaşylan temalary öwrenmäge we çuňňur düşünmäge bolan islegleri barada aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, bilermen goşulmak işini üstünlikli tamamlamak we BSG-a agzalygyndan iň ýokary peýdany almak üçin bilimleri has çuňlaşdyrmaly we belli bir ugurlarda has köp öwrenmek mümkinçiliklerini döretmeli diýen pikiri öňe sürdi.

Bu seminar, dünýä söwda ulgamyna goşulyşmagyň esasy ugry boýunça türkmen hünärmenleriniň habardarlygyny ýokarlandyrmak we mümkinçiliklerini güýçlendirmek üçin möhüm meýdança boldy. Alnan bilimler we başarnyklar, milli hünärmenleriň öňde boljak BSG boýunça gepleşiklerine has netijeli gatnaşmagyny ýeňilleşdirmek üçin niýetlenendir. Bu ählumumy söwda guramasyna üstünlikli goşulmak Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek, maýa goýumlaryny çekmek we daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar diýlip garaşylýar.

Foto: MFET

Şeýle hem okaň: