Iň täze habarlar

"Kadaly işewürlik" forumy: sanlylaşdyrma türkmen telekeçiliginiñ ösüş nokady hökmünde

15.05.2025 | 22:50 |
 "Kadaly işewürlik" forumy: sanlylaşdyrma türkmen telekeçiliginiñ ösüş nokady hökmünde

10-njy maýda Aşgabatda Arassa Nusga we Lotta Business Group tarapyndan ÝTÖB-iň goldawy bilen guralan “Kadaly işewürlik" forumy geçirildi. Çäre söwda, paýlaýyş, önümçilik we hyzmat ugurlarynyň wekillerini ýygnady.

Tehnologiýalaryñ işewürligi ösdürmäge, dolandyryş proseslerine we giňelýän mahaly gözegçiligi ýitirmezlige ýardam berişi ýaly esasy meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumda ERP, CRM, BI ulgamlarynyň ornaşdyrylmagynyň hakyky tejribelerine aýratyn üns berildi. Telekeçiler el bilen dolandyryşdan geçiş tejribesi bilen paýlaşdy, maslahatçylar bolsa hasaba alyş ulgamlaryny ornaşdyrmakdaky ýalňyşlyklary we netijeleri barada aýtdylar. 1 "Forum şuny aç-açan görkezdi: eger-de işewürligiñ ösüşiň belli bir tapgyrynda kynçylyklar ýüze çykýan bolsa — bu işiň nädogry alnyp barylýandygy üçin däl. Ösýän işewürligi el bilen dolandyrmak mümkin bolmaýar".

“Men indi hatda iş saparlarynda bolsam-da, ähli ýagdaýdan habarly bolmagyň ýoluny anyk bildim" - diýip, foruma gatnaşyjylar belledi. Forumyň interaktiw bölüminde gatnaşyjylar esasy dolandyryş agyry nokatlaryny nygtadylar:

• «Aýyň soňunda nähili girdeji galandygyny doly bilip bilemok».

• «Müşderiler azaldy — sebäbi nämedendir düşnüksiz».

• «Günüň hemmesi gündelik işlere gidýär, strategiýa elim ýetmeýär». 2 Bu çykyşlar dürli pudaklardan bolan kompaniýalary birleşdirdi. “Bular el dolandyryşyny geçen kompaniýalaryň adaty alamatlary. Intuisiýa bilen işewürligi ösdürmek mümkin däl. Oňa gurallar zerur bolup durýar: aç-açan hasabat, derñewler, CRM we ulgamlaýyn prosesler,” - diýip Arassa Nusga-nyň direktory Aleksandr Petrosow belledi.

Möhüm netije:

Sanlylaşdyrma — bu diňe moda däl, eýsem kompaniýanyň ösmegi we ösüşi üçin zerurlyk.

Häzirki wagtda işewürligiñ aç-açan, dolandyrylýan we üýtgeýän ýagdaýlara uýgunlaşyp bilýän bolmagy möhümdir. Munuň özi bazaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga şert döredýär. Forumda görkezilişi ýaly, Türkmenistanda işewürlik ulgamlaýyn çemeleşmä ýakynlaşmak ugrunda işjeň hereket edýär. Bu bolsa ýurduň sanly ösüş strategiýasyna doly laýyk gelýär. Hususy pudak yza galmazlyga çalyşýar.

Arassa Nusga kompaniýasy işewürligiñ ösmegine gyzyklanma bildirýär we aşakdakylary hödürleýär:

• Iş prosesleriniň mugt tiz anyklaýşy;

• Siziň işewürlik ugruňyz üçin degişli sanly çözgütleriň görkezilişi. Mugt anyklaýyşa ýazylmak üçin:

https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSfFCrfgXlC0u19qEo2QtrK_xtovBsCq7YpIgmDAjr8jPrdYLg/viewform

Habarlaşmak üçin:

https://arassanusga.com

info@arassanusga.com

+993 61 648605 / +993 12 754480

Arassa Nusga — tehnologiýalar arkaly işewürligiñ ulgamlaýyn ösüşinde siziň hyzmatdaşyňyz.

Foto: Guramaçylar tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: