Işewürligiňiz gözegçilik astyndamy? Üç ýönekeý soraga jogap beriň
01.05.2025 | 15:40 |Köp işewürlik eýeleri “Men öz kompaniýam barada hemme zady bilýärin” diýen pikire ynanýarlar. Emma gürrüň anyk sanlar barada gidende, ynamlylyk dynga öwrülýär. Aşakdaky soragara dogry jogap bermäge çalyşyň:
-
Aprel aýy üçin kompaniýaňyzyň arassa girdejisi näçä barabar boldy?
-
Haýsy harytlardan girdeji alýarsyňyz, haýsylary bolsa öz ýitgiňize satýarsyňyz?
-
Ammarlaryňyzda näçe haryt birligi bar – “takmynan” däl, anyk sanlar? Eger-de haýsy-da bolsa bir sorag kynçylyk döredýän bolsa, diýmek, işewürligiňizde aýdyňlyk ýok. Onsuz bolsa ne durnuklylyga, ne ösüşe, ne gerimlilige ýetip bolýar.
Çözgütler “Kadaly işewürlik” forumynda
10-njy maýda Aşgabat şäherinde amaly forum geçiriler, onda telekeçiler, bilermenler we maslahatçylar işewürligiň meseleleri barada açyk gürrüň ederler hem-de olary sanly gurallar arkaly nädip çözüp bolýandygyny görkezerler. Guramaçy – ÝTÖB-nyň goldawy bilen hem-de işewürligiň awtomatlaşdyrylmagy we dolandyryş transformasiýasy babatda tejribesini paýlaşýan sebitiň konsalting kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Arassa Nusga konsalting kompaniýasy bolup durýar.
Size näme garaşýar?
-
Hakyky wakalar – atlar üýtgedildi, emma bolup geçen ýagdaýlar hakyky;
-
Anyk, mesele boýunça hem-de artykmaç gerekmejek maglumatsyz çykyş etjek bilermenler;
-
EPR, CRM, BI tehnologiýalaryny eýýäm ornaşdyran telekeçiler bilen bölümçe maslahatlaşmalary;
-
“Işewürlik agyrylarynyň kartasy” interaktiw ýumuşy – meselelere janly garaýyş, çözgütleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy;
-
Furşet we networking – resmi däl gürrüňdeşlik, täze tanyşlyklar we galstuksyz dialog.
Senesi: 2025-nji ýylyň 10-njy maýy.
Geçiriljek ýeri: Aşgabat ş., “Arkaç” SM, “Iş Nokady” meýdançasy.
Sagat: 10:30-14:00.
Hasaba alnyşyk: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSci1828SjkZXMFMTJ9f21fshZuSQ3_8rmgaK6Nm-vcYJsEfdg/viewform?usp=header
Ýerler çäklendirilen. Gatnaşmak diňe hasaba alnyşyk bilen amala aşyrylýar. Bu ýerde “jadyly çözgütler” bolmaz. Emma forumdan siz anyk düşünje bilen gaýdarsyňyz: işewürligiňiziň haýsy ýerinde pul serişdeleri ýitýär, nirede mümkinçilikler ýatyr hem-de şol mümkinçilikleri beýlekiler nädip açýar.
Habarlaşmak üçin: info@arassanusga.com
+993 12 754480/ +993 61 648605
ORIENT news