Iň täze habarlar

“NATCO Trading FZCO” – “QACIS 2025” maslahatynyň altyn hemaýatkäri

23.04.2025 | 04:00 |
 “NATCO Trading FZCO” – “QACIS 2025” maslahatynyň altyn hemaýatkäri

“NATCO Trading FZCO” “QACIS 2025” maslahatynyň altyn hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. On ýyllyk tejribesi bolan “NATCO Trading FZCO” dünýäniň nebit-gaz pudagynda ykrar edilen öňdebaryjydyr. Kompaniýa üpjünçilik zynjyrlaryny işjeňleşdirmekde we halkara energetika bazarlary üçin ýokary hilli önümler bilen üpjün etmekde ýöriteleşendir.

Merkezi Aziýa, Ýastakyn Gündogar we Demirgazyk Amerika ýaly esasy sebitlerde işleýän “NATCO”, wagtynda eltip bermek we ýerinde goldaw berýär. Kompaniýa, önümçilik, saglygy goraýyş, dokma we azyk önümçiligi ýaly dürli pudaklara hyzmat edip, her ýylda 180 000 tonnadan gowrak nebithimiýa we oba hojalyk önümleriniň hereketini dolandyrýar.

“NATCO” özüniň durnuklylyga we ösen tehnologiýalara ygrarlydygyny görkezip, ýyllyk girdejiniň 6%-ni innowasiýa, ekologiýa taýdan arassa logistika we ulgamlary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirýär. Kompaniýanyň wagtynda eltip bermek boýunça görkezijisiniň 95%-e deň bolmagy, olaryň ygtybarlylygyny we müşderlerine bolan ünsüni tassyklaýar.

“NATCO”-niň işiniň esasy ugurlary:

• Nebithimiýa: parafin, binýatlaýyn ýaglar, dizel ýangyjy, suwuklandyrylan uglewodorod gaz (SUG) we beýlekiler.

• Oba hojalygy: karbamid, kükürt, ýod erginleri, pagta süýümi, ýüplük, şeýle hem lukmançylyk önümleri we hasa.

“NATCO” giňişleýin çözgütleri hödürlemek we tehnologiýa hem-de maglumatlar arkaly üýtgeýän energetika bazaryndaky şertlere uýgunlaşmak arkaly üpjünçilik zynjyrynda öňdebaryjy hyzmatdaş bolmagy maksat edinýär.

Foto: TurkmenExpo

Şeýle hem okaň: