Iň täze habarlar

Bütindünýä Ýer güni mynasybetli ÝB-niň #ForOurPlanet global kampaniýasynyň üçünji sanyna badalga berildi

22.04.2025 | 14:39 |
 Bütindünýä Ýer güni mynasybetli ÝB-niň #ForOurPlanet global kampaniýasynyň üçünji sanyna badalga berildi

22-nji aprelde Bütindünýä Ýer güni bellenilýär.

Şu ýyl bu gün “Planetamyzyň energiýasy” atly şygar astynda geçirilip, durnukly geljegiň möhüm ädimi hökmünde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçilmegiň zerurlygyna üns merkezinde bolar.

Ýer güni bütin dünýäde howanyň üýtgemegi we tebigy betbagtçylyklary bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Ýewropa Bileleşiginiň #ForOurPlanet global kampaniýasynyň üçünji goýberilişine badalga berdi.

Şu ýylyň #ForOurPlanet kampaniýasy ÝB-niň 2025-nji ýylyň Ýaşyl hepdeligine laýyklykda ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýet temasyna bagyşlanar.  

Aýlanyşykly ykdysadyýet başga garaýşy göz öňünde tutýar: ykdysadyýetde gymmatlygyň saklanylmagy, döredijiligiň we telekeçiligiň höweslendirilmegi, gowy görýän önümleriňden has köp wagtlap lezzet almagy. Bir zady zyňmazdan durup pikirleniň! Uly üýtgeşmeler kiçi zatlardan başlanýar!

Her ýylky #ForOurPlanet global kampaniýasy habarlylygy ýokarlandyrmak hem-de ekologiýa taýdan arassa hereketlere çagyrmak maksady bilen 2022-nji ýylda döredildi.

Şu ýylda ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýet pudagynda ösüşe ýardam berýän öňdebaryjy ýerli taslamalary tapawutlandyrýan täze toparçany döretmek üçin #ForOurPlanet Ýewropanyň bilim gaznasynyň “Ýaşyl endikler 2025” (Green Skills Award) baýragy bilen tagallalary birleşdirýär.

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) bütin dünýädäki wekilhanalary kampaniýa goşulyşmaga çagyrýar!

ORIENT news

Foto: eeas.europa.eu

Şeýle hem okaň: