Iň täze habarlar

Türkmenistan zyňyndylaryny artdyrman, ykdysady ösüşi gazanýan ýurtlaryň hataryndadyr

21.04.2025 | 15:10 |
 Türkmenistan zyňyndylaryny artdyrman, ykdysady ösüşi  gazanýan ýurtlaryň hataryndadyr

Bütindünýä bankynyň (BB) hasabatyna laýyklykda, Ýewropa we Merkezi Aziýa (ÝMA) sebitindäki orta girdejili ýurtlar ykdysady ösüş bilen zyňyndylaryň köpelmegi arasyndaky baglanyşygy üzmekde möhüm basgançaga golaýlaýar. Şu wagta çenli şeýle netijä esasan ýokary girdejili ýurtlar ýetýärdi diýip, report.az habar berýär.

BB-nyň klassifikasiýasyna görä, ýokary girdejili ýurtlaryň hataryna Horwatiýa, Polşa we Rumyniýa girýär. Orta girdejili ýurtlaryň arasynda bolsa Azerbaýjan, Albaniýa, Ermenistan, Belarus, Bosniýa we Gersegowina, Bolgariýa, Gruziýa, Gazagystan, Kosowo, Gyrgyzstan, Moldowa, Çernogoriýa, Demirgazyk Makedoniýa, Russiýa, Serbiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe, Ukraina we Özbegistan bar.

Hasabatda şeýle diýilýär: «ÝMA ýurtlary üçin durnukly ösüşiň esasy şerti energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak we wodorodlara garaşlylygy az bolan, zyňyndylaryň derejesi pes hem-de energetiki howpsuzlygy ýokary bolan ykdysady modeline geçmek bolup durýar.»

Hasabatda ÝMA sebitiniň ösýän ýurtlaryň arasynda iň energiýa sarp ediji sebiti hökmünde häsiýetlendirilýändigi hem bellenýär. Bu ýerde dünýäde iň ýokary derejesindäki energiýa serişdelerine subsidiýalar berilýär. Jemi içerki önümiň bir birligine düşýän energiýa sarp edilişi Gündogar Aziýa we Ýuwaş umman sebiti bilen deňeşdirilende 1,5 esse, ÝB ýurtlary bilen deňeşdirilende bolsa 2,5 esse ýokary. Energiýa ulgamyndaky özgertmeleriň haýallamagyna köne döwlet kärhanalary we düzgünleşdiriji päsgelçilikler sebäp bolýar. ÝMA sebitinde bazar özgertmeleri öňe ilerleýän we bäsdeşlik döredilen ýurtlarda, daşky gurşawa zyýansyz tehnologiýalaryň JIÖ-iň ösmegine we iş bilen üpjünçilige edýän täsiriniň Hytaýda, Ýewropada we ABŞ-da bolşy ýaly, aýdyň duýlup başlanýandygy, hasabatda nygtalýar.

BB-nyň bahasyna görä, pes uglerodly ykdysadyýete geçmek üçin oýlanyşykly we yzygiderli ädimler zerurdyr. Gazyp alynýan ýangyçlaryna berilýän subsidiýalaryň azaldylmagy serişdeleri has netijeli paýlamaga we energetika geçişini çaltlandyrmaga mümkinçilik döreder.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: