BOMCA Türkmenistanyñ Döwlet serhet gullugyna maglumatlary işleýiş we barlag enjamlaryny berdi
22.04.2025 | 09:28 |Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMCA 10) Türkmenistanyñ Döwlet serhet gullugyna maglumatlary işleýiş we barlag enjamlaryny berdi.
Şahsy kompýuterler, monitorlar, serwerler, printerler we noutbuklar ýaly täze enjamlar Gullugyñ merkezi edarasyndaky Serhet gözegçiligi bölüminiñ işinde ulanylar hem-de onuñ ýolagçylar, ulag serişdeleri we ýükler baradaky maglumatlary ýygnamak we seljermek boýunça mümkinçiliklerini giñelder. Enjamlar fiziki şahslaryñ we obýektleriñ taryhyny we profilini gözden geçirmekde ýardam berip, howplara baha bermegiň we kararlaryñ kabul edilmeginiñ netijeliligini ýokarlandyrar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyñ Döwlet serhet gullugy wideoendoskop, teleskop aýnalar we howa berijiler ýaly barlag üçin iki sany gurallar toplumyny aldy. Olar serhet gullugynyñ işgärlerini okatmak üçin ulanylar. Bölümiñ her ýylky okuw meýilnamalaryna laýyklykda geçirilýän toparlaýyn amaly sapaklar ulag serişdeleriñ, ýük awtoulaglaryñ we konteýnerleriñ barlaglaryna bagyşlanar.
ORIENT news