TDHÇMB-da söwdalaşyklar: "Türkmennebit"-iň we "Türkmenhimiýa"-nyň önümlerine isleg bildirildi
22.04.2025 | 08:40 |21-nji aprelde, duşenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ netijesinde nebit-himiýa önümleri ýerlenildi.
Türkiýe Respublikasynyñ, BAE-niñ we Özbegistanyñ telekeçileri "Türkmennebit" Döwlet konserni bilen "BND 60/90" kysymly ýol bitumyny we gyzdyrylan nebit koksyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.
Owganystanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri "Türkmenhimiýa" Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 4 534 000 ABŞ dollaryna barabar bolan 5 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiñiz.
ORIENT news