Türkmenistanyň Prezidenti ýapon işewürligini hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çagyrdy
16.04.2025 | 04:25 |Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň ikinji gününde, “Günüň dogýan ýurdunyň” işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynda çykyş etdi. Onda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgilenildi.
Tehnologiki çözgütlere, durnukly ösüşe we özara maýa goýumlaryna esaslanýan ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselesi iki tarapyň hem üns merkezinde boldy. Beýan edilen teklipler Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki esasy hyzmatdaşlarynyň biri Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryň täze derejesine çykmak islegini görkezýär.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly türkmen-ýapon gatnaşyklary ynanyşmak we özara bähbitlilik esasynda alnyp barylýar. Ýaponiýanyň ýokary tehnologiýalary, we durnukly ösüşi nusgalykdyr hem-de Türkmenistan ylymda, senagatda, dolandyryş ulgamynda ýapon tejribesini ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow amatly maýa goýum ýagdaýy we Türkmenistanyň ykdysady ösüşi baradaky çykyşynyň dowamynda käbir sanlary we maglumatlary getirdi.
Mysal üçin, soňky ýyllarda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6%-den gowrak derejede durnukly saklanýar. Golaýda Halkara pul gaznasynyň beren maglumatlaryna görä, ýakyn ýyllarda bu görkeziji 6,3 — 6,8% derejesinde saklanylmagyna garaşylýar.
Döwlet we hususy maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 40%-den hem geçýär. Şonuň 15% bolsa daşary ýurt maýa goýumlary. Maýa goýumlaryň 65%-den gowragynyň önümçilik pudagyna gönükdirilýär. Munuň özi önümçilik pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Prezidentiň mälim eden maglumatlaryna görä, Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan geçýärn 44 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Bulardan başga-da bahasy 256 million ýewro we 190 milliard iýene golaý bolan taslamalar durmuşa geçirilýär.
Olaryň hatarynda – ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda eýýam işe girizilen iri senagat desgalaryny: Garabogazdaky gazhimiýa toplumyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody we Çärjew etrabyndaky elektrik stansiýasyny görkezmek bolar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow tükmen-ýapon strategiki hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin geljegi uly pudaklary kesgitledi. Bular – nebitgaz pudagy bilen birlikde “ýaşyl” we wodorod energiýasy, ulag-logistika infrastrukturasy, ýokary tehnologiýaly önümçilik, suw pudagy we bilim pudagydyr.
Türkmenistan şeýle hem galyndylary gaýtadan işlemek we suwy arassalamak pudagy boýunça tejribe alyşmaga taýýardygyny döwlet Baştutany mälim etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň esasy teklipleriniň hatarynda ýapon tehnologiýalaryny türkmen bazaryna ornaşdyrmak, iki ýurduň kiçi we orta kärhanalaryň iş alyp barmak we bilelikdäki kärhanalary ösdürmek mümkinçiligini bar.
Türkmenistan bu teklipleri eýýäm şu günden ara alyp maslahatlaşmaga taýýar diýip, döwlet Baştutany belledi.
Simwoliki ädim hökmünde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýapon işewürlerini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligini, “JBIC” we “NEXI” agentligi ýaly Ýaponiýanyň Hökümet edaralarynyň ikitaraplaýyn taslamalara goldaw bermekdäki işjeň ornuny belläp geçdi. Döwlet Baştutanynyň çykyşynyň möhüm pursady – Prezident Türkmenistanyň uzak möhletli maýa goýumlary goýmak hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin ýapon işewürlerine ähli şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.
Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Günüň dogýan ýurdunyň” işewür toparlarynyň wekilleriniň öňünde eden çykyşy diňe bir ýokary derejede syýasy gatnaşyklary güýçlendirmek bilen çäklenmän, ýapon işewürlerine aňyk gün tertibini hödürleýär.
Ýokarda beýan edilenlere esaslanyp, Türkmenistan özüni maýa goýum, tehnologiýa we senagat hyzmatdaşlygy üçin açyk ygtybarly hyzmatdaş hökmünde anyk kesgitleýär.
Jogap Tokio we ýapon işewürligi bilen bagly.
ORIENT