TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “ECO-93” kysymly awtoulag benzini, suwuklandyrylan gaz, pagta süýümi, boýalan wafli matasy we ýüpek ýerlenildi
16.04.2025 | 09:09 |15-nji aprelde, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.
Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri bilen “ECO-93” kysymly awtoulag benzini we suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.
Türkiýe Respublikasynyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen telekeçileri bilen pagta süýümini we boýalan wafli matasyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewürleri ýerli kärhanalardan ýüpek satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 7 820 000 manada we 39 057 180 ABŞ dollaryna barabar bolan 5 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news