Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: hlorly natriý we portlandsement satyn alyndy

15.04.2025 | 09:45 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: hlorly natriý we portlandsement satyn alyndy

14-nji aprelde, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.

Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni bilen hlorly natriý satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden portlandsementi satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 22 550 000 manada we 40 000 ABŞ dollaryna barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: