Türkmenistanly startap Emeli aň boýunça AICA Awards 2025 baýragyň eýesi boldy
08.04.2025 | 11:25 |4-nji aprelde Daşkent şäherinde emeli aň boýunça Merkezi Aziýanyň ilkinji AICA Awards 2025 baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Beýik matematik al-Horezminiň adynt göterýän bu baýragyň gowşurylyş dabarasy Merkezi Aziýanyň Emeli aň boýunça birleşigi (AICA) tarapyndan guraldy. Ol sebitiň EA-senagatynyň öňdebaryjy wekillerini, geljegi uly bolan startaplary we maýadarlary jemledi.
AICA Awards 2025 baýragynyň geçiş tertibi startaplardan, oýlap tapyjylardan we işewürlik-taslamalaryndan arzalaryň kabul edişligini; ýylyň iň gowy EA-taslamalaryň gysgaça sanawynyň saýlanyp alynmagyny; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekillerinden ybarat bilermenler toparynyň işini; Daşkent şäherinde ilkinji Emeli aň dabarasynyň (AI-Show) geçirilmegini; sebitiň iri IT-kompaniýalaryň ýolbaşçylar bilen işjeň hyzmatdaşlygyny öz içine aldy.
Alty ugruň biri bolan “Emeli aňyň ulanmagy bilen, saglygy goraýyş ulgamynda iň gowy innowasiýa” ugry boýunça Türkmenistanyň KinesteX startapynyň ýeňiji bolany üçin Türkmenistan buýsanyp bilýär. Onuň esaslandyryjysy Nikita Starow. Taslama kompýuter görüjilikli şahsy EA fitnes tälimçisi bolup durýar. Ol adamlara islendik ýerde öz üstünde işlemäge mümkinçilik beýrär, EA bolsa gözegçilik eder, höweslendirer, siziň dogry ýa-da nädogry hereket edýänligiňizi, kä halatlarda degişme hökmünde hem aýdyp durar.
Bu üstünlik halkara giňişliginde ýerli startapyň tagallalarynyň ilkinji möhüm ykrar edilmegidir, şeýle hem ol Türkmenistanda startap ekoulgamynyň çalt depginde ösdürilýändigine şaýatlyk edýär!
Beýleki ugurlarda aşakdakylar ýeňiji boldular:
Emeli aň babatda iň gowy bilim başlangyjy – Shyraq AI (Gazagystan)
Emeli aň babatda iň gowy işläp taýýarlama – Zehn AI (Täjigistan)
Oba hojalykda iň gowy emeli aňyň ulanylyşy – ARA (Gazagystan)
Işewürlikde iň gowy emeli aňyň ulanylyşy– AIsha (Özbegistan)
Emeli aň babatda iň gowy startap – Úmit (Gazagystan)
AICA Awards 2025 dabarasynyň guramaçylary Merkezi Aziýa boýunça emeli aňyň ösüşine özüniň goşan goşantlary üçin ähli gatnaşyjylara minnetdarlygyny bildirip, sebitde innowasiýalary we tehnologik hyzmatdaşlygy öňe sürmekde şeýle platformalaryň wajyplygyny bellediler.
Gowşurylyş dabarasyna Türkmenistanyň adyndan StartUp Academy guramasynyň Baş direktory Daniil Maýkowskiý gatnaşyp, ol al-Horezmi baýragyny eminler agzasynyň elinden kabul etdi. Soňrasy bilen KinesteX toparyna gowşurar.
KinesteX startapynyň esaslandyryjysy Nikita Starowyň hemişe Türkmenistanda startaplaryň ösdürilmegine işjeň gatnaşyp, öz tejribesi bilen paýlaşýandygyny bellemeli.
ORIENT news