Iň täze habarlar

Türkmenistan-Azerbayjan-Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygy: Ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlygyň berkemegi

25.08.2025 | 11:13 |
 Türkmenistan-Azerbayjan-Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygy: Ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlygyň berkemegi

“Türkmenistan, Azerbayjan we Özbegistan, Türki Döwletleriň Guramasynyň agzasy hökmünde, bu ýokary derejeli hyzmatdaşlyk formaty arkaly Türki dünýäsiniň ykdysady, syýasy we medeni integrasiýasyny çaltlandyrýar. 22-nji awgustdaky Awaza duşuşygy diňe üç ýurt üçin däl, eýsem ähli Türki giňişliginde hyzmatdaşlygyň berkemegi babatda hem möhüm strategik ädim hökmünde baha berilýär.” Bu sözleri Azerbayjanyň žurnalisti, “Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz söz azatlygy ulgamy” jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Nadir Ismailow belleýär.

Ol şeýle hem : 22-nji awgustda Awazada Türkmenistan Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbayjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli duşuşyk, Türki dünýäsinde täze hyzmatdaşlyk formatynyň kemala gelmeginiň aýdyň mysalydyr: “Aýratyn belläp geçesim gelýän zat, bu duşuşyk Azerbayjany Türki dünýäsinde birleşdiriji we öňdebaryjy ýurt hökmünde öňe çykardy. Sebäbi bir hakykat ýüze çykdy. Bu hakykat – Prezident Ilham Aliýewiň başlangyjy arkaly Azerbayjanyň hem Türkiýe we Demirgazyk Kipr, Wengriýe bilen hem-de Merkezi Aziýanyň Türki döwletleri bilen berk gatnaşyklary gurup, Türki dünýäsindäki ähmiýetini görkezýär” diýip belleýär.

N. Ismailow, Azerbayjanyň medeni, ynsanperwer we syýasy ugurlarda-da Türki dünýäsiniň bitewiligini berkitmek babatdaky ähmiýetini hem nygtap şeýle diýýär:

“Awaza duşuşygynda gazanylan ylalaşyklar, esasan-da energetika, ulag we söwda ýollarynyň ösdürilmegi nukdaýnazaryndan Türki döwletleriň özara integrasiýasyna möhüm goşant goşar. Başgaça aýdylanda, bu ýagdaý Azerbayjanyň Türki dünýäsiniň "altyn köprisi" hökmünde kabul edilmegine mümkinçilik berýär. Ýagny, Azerbayjan Günbatardan Gündogara, Demirgazykdan Günorta çenli Türki döwletleriniň arasynda dialogy we hyzmatdaşlygy güýçlendirýän strategik merkeze öwrülýär.”

N. Ismailow, Azerbayjanyň žurnalisti, “Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz söz azatlygy ulgamy” jemgyýetçilik guramasynyň başlygy

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: