Iň täze habarlar

Ýaponiýanyň premýer-ministri Expo 2025 sergisine taýýarlygyň güýçli depginde alnyp barylýandygyny aýtdy

07.04.2025 | 17:05 |
 Ýaponiýanyň premýer-ministri Expo 2025 sergisine taýýarlygyň güýçli depginde alnyp barylýandygyny aýtdy

Ýaponiýanyň premýer-ministri Sigeru Isiba Osaka ýapon prefekturasynda geçiriljek Bütindünýä Expo 2025 sergisiniň taýýarlygynyň güýçli depginde alnyp barylýandygyny aýtdy .

Serginiň geçiriljek ýerine amala aşyran saparynyň dowamynda ol çäräniň ýurt üçin möhüm waka boljakdygy hem-de Ýaponiýanyň täze tehnologiýalarynyň we medeni üstünlikleriniň görkezilmegi üçin meýdança öwrüljekdigi barada belledi.

Şonuň üçin hem çäräni üstünlikli geçirmek üçin Isiba taýýarlygyň ähli ugurlarynyň jikme-jik barlanylmagynyň wajyplygy barada aýtdy. Şeýle hem, ol pawilýonlara, şol sanda “Geljegiň şäheri” atly hem-de serginiň esasy bölekleriniň görkezilen ýeri bolan Çehiýa Respublikasynyň pawilýonlaryna baryp gördi. Premýer-ministr ähli işleriň öz möhletinde tamamlanyljakdygy barada ynandyrdy.

Serginiň 28 mln myhmany ýygnajagyna garaşylýar. Bu bolsa çäräniň dünýä derejesindäki ähmiýetini açyp görkezýär.

ORIENT news

Foto: nippon.com

Şeýle hem okaň: