Iň täze habarlar

Türkmen türgeni “WWFC 24”-de garşydaşyny 1-nji döwde ýeňmegi başardy

30.03.2025 | 20:00 |
 Türkmen türgeni “WWFC 24”-de garşydaşyny 1-nji döwde ýeňmegi başardy

2025-nji ýylyň 29-njy martda Ukrainanyň Kiýew şäherinde MMA-nyň garyşyk başa-baş göreş sungaty boýunça “WWFC 24” halkara professional türgenleriň tutluşygy geçirildi. Bu ýaryş WWFC (World Warriors Fighting Championship) ligasynyň täze möwsüminiň bir bölegi hökmünde dowam etdi.

1

Oňa Türkmenistanly, Ukrainaly, Moldowaly we Azerbaýjanly MMA söweşijileri öz başarnyklaryny görkezdiler. Tutluşyk “Kiýewstar” teleýaýlymynda göni efirde berildi.

2

Agzalan tutluşyga Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginde doglan, Ukrainanyň Milli tehniki uniwersitetiniň Harkow politehniki institutynyň uçurymy Babageldi Halymow hem 83,9 kg agramda gatnaşyp, garşydaşy Ýakow Anufriýewi 1-nji döwde agyrdyjy emel bilen wagtyndan öň ýeňmegi başardy.

3

Tehniki we çydamly türgen B.Halymow MMA ýaryşlarynda, we jiu-jitsu çempionatlarynda üstünlikli bäsleşip gelýär.

4

Bellemeli ýeri, B.Halymow 01.03.2025 ý. geçirilen MMA-nyň garyşyk başa-baş göreş sungaty boýunça “FCFC Fight night 7” halkara professional türgenleriň tutluşyga hem 83,9 kg agramda gatnaşyp, garşydaşy Ýewgen Droboty 1-nji döwde agyrdyjy emel bilen wagtyndan öň ýeňmegi başardy.

5

B.Halymow bu gezekki geçen tutluşygynda hem Türkmenistanyň adyndan çykyş edip, ýeňijileriň yglan ediliş dabarasynda egnine Milli ýaşyl tugumyzy alyp we milli türkmen silkme telpegini geýip gatnaşdy.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Ukraina Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: