Iň täze habarlar

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi: Esasy sözlerde Hytaýa garaýyş (27-nji neşir)

25.03.2025 | 16:00 |
 Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi: Esasy sözlerde Hytaýa garaýyş (27-nji neşir)

Öňki neşir şu ýerde.

2025-nji ýylyň 5-nji martynda HHR-yň Döwlet geňeşiniň Premýer ministri Li Sýan Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň 3-nji sessiýasynda hökümetiň iş hasabatyny hödürledi. Bu hasabatda 2024-nji ýylyň dowamynda Hytaý hökümetiniň alyp baran işleriniň netijeleri jemlendi, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi barada gazanylan üstünlikler beýan edildi we häzirki ýyl üçin hökümetiň öňünde duran wezipeler kesgitlenildi. Bu wezipeler halkara jemgyýetçiliginiň giň ünsüni özüne çekdi. Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde men bu hasabatyň esasy mazmuny bilen türkmen dostlarymy tanyşdyrmak isleýärin.

Esasy söz 1: Hytaýyň ýokary hilli ösüşi durnuklylygy we oňyn ykdysady ösüşi bilen häsiýetlendirilýär

2024-nji ýyla seredenimizde, ykdysady işjeňligiň umumy ýagdaýy durnukly we ygtybarly boldy. Durmuş-ykdysady ösüş boýunça kesgitlenen esasy ýyllyk maksatlara üstünlikli ýetildi, ýokary hilli ösüş yzygiderli ilerledi, Hytaýyň ykdysady, ylmy-tehnologik hem-de umumy milli kuwwaty has-da pugtalandy.

2024-nji ýylda Hytaýyň JIÖ 134,9 trln ýuana (takmynan 19,27 trln ABŞ dollary) ýetdi we 5% ösüş gazandy. Bu görkeziji bilen Hytaý dünýäniň öňdebaryjy ykdysadyýetleriniň arasynda iň ýokary ösüş depginini saklady hem-de dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine goşandy 30% töweregi boldy. Şäherlerde we şäherçelerde 12,56 mln täze iş ýeri döredildi. Däne önümçiligi ilkinji gezek 700 mln tonna ýetdi, täze energiýa çeşmelerinde işleýän awtoulaglaryň ýyllyk önümçiligi bolsa 13 mln geçdi.

Daşarky söwda dolanyşygy 6,2 trln ABŞ dollaryna barabar bolup, taryhy rekord goýdy. Walýuta ätiýaçlyklary 3,2 trln ABŞ dollaryndan geçdi. 2025-nji ýylda Hytaý hökümeti ýokary hilli ösüşi esasy ugur edinip, ykdysady ösüş üçin 5% maksadyny belledi. Şeýle hem makroykdysadyýetde has netije getirjek çäreleri görüp, içerki sarp ediş bazaryny giňeldip, maýa goýumlaryň netijeliligini artdyryp we Hytaý modernizasiýasynyň täze, ygtybarly tapgyryna geçmegi gazanjakdygyna üns berer.

expo-cover-img.jpg

Esasy söz 2: Täze hilli önümçilik kuwwatlary

Täze hilli önümçilik kuwwatlary innowasiýalaryň öňdebaryjy orny bilen häsiýetlendirilýär hem-de adaty ykdysady ösüş usullaryndan we önümçilik işleriniň öňki ugurlaryndan tapawutlanýar. Bu kuwwatlar ýokary hilli ösüşi gazanmak üçin zerurdyr. Şu nukdaýnazardan, Hytaý innowasiýalara esaslanýan ösüşi güýçlendirip, ýurduny dünýäniň öňdebaryjy ylmy-tehnologik döwletine öwürmäge çalyşýar.

Tiz depginler bilen ösýän pudaklaryň hatarynda täjirçilik kosmos senagaty, «Beýdou» emeli hemrasy arkaly nawigasiýa ulgamy, täze energiýa saklaýjy enjamlaryň önümçiligi we beýleki ýokary tehnologiýaly ugurlar bar. Sanly ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň goşulan bahasy JIÖ-iň takmynan 10%-ine ýetdi.

Şu ýyl Hytaý ylmy-tehnologik we senagat innowasiýalarynyň utgaşdyrylmagyna ýardam berer, täze senagatlaşmany öňe sürer we ýokary tehnologiýaly önümçilik senagatyny ösdürer. Şeýle hem biotehnologiýa, kwant tehnologiýalary, emeli aň, altynjy nesil mobil aragatnaşyk we beýleki geljekki senagat ugurlaryny ösdürmäge aýratyn üns berer. Şonuň bilen birlikde, ýaş kompaniýalary we birnäçe ýylyň dowamynda durnukly ösüş görkezýän kompaniýalary goldamak işine hem ähmiýet berer.

Hytaý «Emeli aň plus» hereket meýilnamasyny durmuşa geçirmek bilen, sanly tehnologiýalary ýurduň önümçilik we bazar artykmaçlyklary bilen utgaşdyryp, täze nesil akylly enjamlary, şol sanda täze energiýa çeşmelerinde işleýän awtonom ulaglary, emeli aň bilen işleýän smartfonlary, kompýuterleri we akylly robotlary ösdürmegi dowam etdirer.

117152716_a886d3b5-0706-42f0-8293-ece3c12d5cbb.jpg

Esasy söz 3: Açyklyk syýasatynyň ýokary derejesi

Hytaý dünýäde elýeterli we inklýuziw ykdysady integrasiýany öňe sürýär. Şol bir wagtyň özünde, ol açyklyk syýasatyny yzygiderli ösdürýär. Hytaý, diplomatik gatnaşyklary bolan iň az ösen ýurtlardan getirilen harytlara nola deň import paçlaryny girizdi.

Şeýle hem Hytaýa wizasyz girip bilýän ýurtlaryň sanawy giňeldildi. «Bir guşak – bir ýol» başlangyjynyň çäginde amala aşyrylan ýokary hilli taslamalar we ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrýan meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirildi.

Pekin söwda proteksionizmine garşy çykyp, BSG esasynda köptaraplaýyn söwda ulgamyny berkitmegi dowam etdirýär. Şol bir wagtda, beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açyp, global ykdysady ösüşi höweslendirýär.

Esasy söz 4: Ekologiýa ýagdaýynyň gowulaşmagy we ýaşyl ösüş

Hytaý daşky gurşawy goramak, ýaşyl we pes uglerodly ösüş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda tagallalaryny dowam etdirdi. Esasy hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary azaldy, çölleşme we toprak çägesöwligi peseldi. Biodürlüligi goramakda hem möhüm üstünlikler gazanyldy, köp sanly ýitip gitmek howpy astyndaky haýwan we ösümlik görnüşleriniň populýasiýasy artdy.

Energiýa tygşytlaýyş we uglerod zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen esasy senagat pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy dowam etdi. Täze energiýa çeşmelerinden alnan elektrik energiýasynyň umumy öndürilen energiýa bolan gatnaşygy 40%-e golaýlady.

2025-nji ýylda Hytaý ykdysady we durmuş ösüşiniň ähli ugurlarynda ýaşyl öwrülişi çaltlaşdyrar. Senagat gurluşynyň sazlaşykly ösdürilmegi, ekologiýanyň goralmagy we howanyň üýtgemegine garşy çäreler bir bitewi strategiýa boýunça alnyp barlar.

202503184a094ad030ba4f5ea17202d9a7258695_202503183272f109db504538b7b962dd542076f6.jpg

Esasy söz 5: Hytaý aýratynlyklary bolan dünýä derejesindäki diplomatiýa

2024-nji ýylda düýpli özgertmelere sezewar bolan dünýä giňişliginde Hytaý aýratynlygy bolan dünýä döwletiniň diplomatiýasy üçin täze ýagdaý döredildi. Hytaý diplomatiýasy ýokary hilli ösüş üçin amatly daşky şertleri döretmek bilen bir hatarda, durnuksyz dünýäde möhüm durnuklaşdyryjy rol oýnady.

Halkara gatnaşyklarynda hakyky multilateralizmi yzygiderli durmuşa geçirip, hytaý tarapy halkara kynçylyklara işjeň we gurluşlaýyn jogap berdi, sebit meseleleriniň çözülmegine ýardam etdi, adamzadyň bilelikdäki ykbal jemgyýetini döretmek başlangyjyny öňe sürdi, global hyzmatdaşlygy pugtalandyrdy we giňeltdi.

2025-nji ýyl — Hytaý we tutuş dünýä üçin BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň nyşany astynda möhüm ýyl bolar. Hytaý tarapy hytaý halkynyň ýapon basybalyjylaryna garşy söweşinde gazanan ýeňşiniň hem-de dünýä antifaşistik urşundaky ýeňşiň 80 ýyllygyny dabaraly belläp geçer, ŞHG sammitini we birnäçe möhüm çäreleri geçirer.

RSmBRzoiVLtASXtz.jpg

Şu ýyl dünýä ýene-de kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolar. Pekin ýurduň daşary syýasatyndaky esasy meselelere ygrarly bolup, ähli döwletler bilen bilelikde döwrüň talaplaryna laýyklykda dogry ýoldan yzygiderli gitmegi dowam etdirer, halkara adalatyny, dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy gorar.

Sýan Naýçen, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi

Foto: Xinhua

Şeýle hem okaň: