Suw diplomatiýasynyň wagty: Merkezi Aziýa suw boýunça ylmy-syýasy dialogy işe girizdi
19.03.2025 | 06:10 |Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi sebitdäki suw syýasaty meseleleriniň hemmetaraplaýyn çözülmegine bagyşlanan Merkezi Aziýa boýunça onlaýn duşuşygyna işjeň gatnaşdy.
Bilermenler duşuşygynyň esasy mowzugy Halkara suw dolandyryş institutynyň (IWMI) “Merkezi Aziýada suw diplomatiýasy boýunça ylmy-syýasy dialog: Bilime esaslanýan ylym diplomatiýasyny ösdürmek” atly konsepsiýanyň tanyşdyrylyşy boldy. Ýagny Bu konsepsiýa IWMI-iň Özbegistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Barbara Ýanuş-Pawletta tarapyndan hödürlendi. Duşuşyga gatnaşyjylar onuň sebitde durmuşa geçirilmeginiň mükinçilikleri boýunça pikir alyşyp, janly çekişmek geçirdiler.
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi we “Türkmensuwylymtaslama” Türkmen döwlet suw hojalyk ylmy-önümçilik we taslama instutytynyň ýaly abraýly Türkmenistanyň institutlarynyň şeýle taslama gatnaşmaga çagyrylmagy sebitdäki suw meselelerini öwrenmekde we çözgütlerini tapmakda Türkmenistanyň möhüm goşandyny tassyklaýar.
IWMI-iň “Merkezi Aziýada suw diplomatiýasy boýunça ylmy-syýasy dialog” atly taslamasy işe girizmak başlangyjy suw pudagynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek arkaly durnukly ösüşi ösdürmäge we sebitde hoşniýetli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen möhüm we öz wagtynda ädimdir.
IWMI tarapyndan teklip edilýän hemişelik hereket edýän dialog meýdançasy, türkmen hünärmenlerine Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndaky kärdeşleri we halkara bilermeler bilen bilim we tejribe alyşmak üçin gymmatly mümkinçilik döreder. Bu, suw serişdelerini dolandyrmak, suw diplomatiýasy we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça öňdebaryjy çemeleşmeleri giňişleýin öwrenmäge mümkinçilik berer. Türkmenistan hem öz gezeginde milli tejribesini we bu möhüm ugurdaky gazananlaryny işjeň paýlaşmaga taýýar.
IWMI-niň taslamasy, howanyň üýtgemeginiň täsiri, suwuň hili we derýa ekoulgamynyň ekologiki ýagdaýy ýaly suw meseleleriniň köp sanly tarapyny öz içine alýar, bu Türkmenistanyň durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak ugrundaky ileri tutýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.
Sebitdäki ýurtlaryň milli ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutýan strategiki syýasat synlaryny işläp taýýarlamagy şeýle hem suw serişdelerini dolandyrmakda utgaşdyrylan çemeleşmeleri ösdürmek üçin möhüm guraly hödürlerýär.
IWMI-iň utgaşdyryjy orny bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ylmy-barlag institutlarynyň we syýasy gurluşlarynyň tagallalarynyň birleşdirilmegi, şübhesiz, suw pudagynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we uzak möhletde suw howpsuzlygyny üpjün etmäge goşant goşar.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe gezek belläp geçişi ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýada suw syýasaty meselesinde üç esasy ýörelgäni öňe sürýär: halkara hukugyň kadalaryny berjaý etmek, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini göz öňünde tutmak we bu meselä halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň gatnaşmagydyr.
Türkmenistanyň “Merkezi Aziýada suw diplomatiýasy barada ylmy-syýasy dialog” atly taslamasyna gatnaşmagy sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we Merkezi Aziýada parahatçylykly we durnukly ösüş ýörelgelerini durmuşa geçirmek üçin möhüm ädimdir.
2025-2029-njy ýyllar üçin niýetlenen IWMI hödürlenýän taslamasy Merkezi Aziýada suw serişdelerini dolandyrmak pudagyndaky sebitleýin ylmy hyzmatdaşlygy goldamak üçin durnukly meýdançany döretmegi maksat edinýär. Esasy maksady, suw pudagynda täsirli syýasy çözgütler üçin subutnamalara esaslanýan teklipleri işläp düzmekden ybaratdyr.
IWMI taslamanyň konsepsiýasy tanyşdyrylandan soň, onuň işjeň çekişmesi boldy. Ilki bilen çykyş eden türkmen hünärmenleri, onuň amaly durmuşa geçirmegiň mehanizmini aýdyňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.
Barbara Ýanus-Pawletta ähli soraglary we teklipleri üns bilen diňledi, şondan soň taslamanyň konsepsiýasyny sebitiň ýurtlarynyň suw hojalyk meseleleri bilen baglanyşykly ylmy-barlag merkezleri hem-de esasy syýasy çözgütleri kabul etmekde täsirli bolan strategiki gözleg institutlary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda has-da kämilleşdirmek barada karar kabul edildi.
Merkezi Aziýada suw meseleleriniň barha çylşyrymlaşýan şertlerinde, aýratyn-da howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly kynçylyklar, suw serişdeleriniň adalatly paýlanylyşyny we oýlanyşykly peýdalanylyşyny sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýe.
Sebitdäki suw hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine düşünmek Merkezi Aziýanyň ilatyna görnetin peýdalar getirer we döwletara gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder. Mundan başga-da, ol dürli ykdysady pudaklaryň we nesilleriň arasynda konstruktiw özara gatnaşygy üpjün eder, parahatçylygy pugtalandyrmagy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün eder. Ygtybarly ylmy maglumatlara esaslanýan suw diplomatiýa bolmasa, bu uly göwrümli maksatlara ýetmek mümkin däl.
Sebitiň döwletleriniň arasyndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlyk tejribesi mundan beýläkki ösüş üçin berk binýady döretdi. Şeýle-de bolsa, çalt üýtgeýän şertler we suw serişdeleri bilen baglanyşykly meselelere has çuňňur düşünmek üçin barha artýan zerurlyk, döwletara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagy we özara peýdaly sebitleýin hyzmatdaşlygy üpjün etjek ylmy esasly maglumatlaryň yzygiderli täzelenmegini talap edýär.
Suw diplomatiýasynyň netijeliligini üpjün etmek üçin zerur bolan bilim binýadynyň emele gelmegi, Merkezi Aziýa döwletleriniň milli suw ylmy institutlary hem-de milli suw hojalyk agentlikleriniň garamagyndaky ýöriteleşdirilen institutlar tarapyndan geçirilýän barlaglaryň netijelerine esaslanmalydyr. Strategiki syýasy synlary taýýarlamak şu aşakdaky esasy ugurlary öz içine alýar: howanyň üýtgemeginiň suw serişdelerine ýetirýän täsirine uýgunlaşmak boýunça ileri tutulýan çäreleri kesgitlemek; ilatyň bähbidine suwuň hilini ýokarlandyrmak, derýa ekoulgamlarynyň ekologik saglygyny üpjün etmek we suw diplomatiýasynyň giňişleýin toplumlaýyn konsepsiýasyny işläp düzmek.
Taslama, Aral deňziniň basseýnindäki ähli döwletleriň suw serişdeleri üçin pudaklaýyn ministrlikleriniň ýanyndaky suw serişdeleriniň dolandyryş institutlary, Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky milli gözleg institutlary we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň strategiki syýasy institutlarynyň gatnaşmagynda ylmy-syýasy dialog görnüşinde durmuşa geçiriler. Bilim alyş-çalşygy sebitleýin başlangyçlary ýerine ýetirijileri we hyzmatdaşlygyň giňişliginiň utgaşdyryjylary hökmünde çykyş edýän sebitleýin ylmy hyzmatdaşlar (DUSDI-niň YMM, MAÝYI, CAREC instituty,) tarapyndan işjeň goldanylar. Bu işi ýeňilleşdirmek üçin sebit we halkara maslahatçylaryny çekmek hem meýilleşdirilýär.
Dialog Merkezi Aziýada Şweýsariýanyň Ösüş we hyzmatdaşlyk boýunça agentligi (SDC) tarapyndan 2017-nji ýylda işe girizilen we 2025–2029-njy ýyllar üçin täzeden işjeňleşdirilen ВРСА Central Asia (Blue Peace Central Asia) başlangyjynyň goldawy esasynda amala aşyrylar. Başlangyjyň durmuşa geçirilmegi Halkara suw serişdelerni dolandyryş instituty (IWMI) we Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşigi (IUCN) tarapyndan, CAREC-iň goldawy bilen ýerine ýetirilýär.
18-nji martda sebitdäki ähli strategiki edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde geçirilen utgaşdyryjy maslahat, bu möhüm bilermenler meýdançasynda geçiriljek duşuşyklaryň tapgyryna badalga berdi.
Indiki maslahat, 9–10-njy aprelde Daşkentde geçirilip, Merkezi Aziýada suw hyzmatdaşlygy we suw diplomatiýasynyň orny boýunça geçiriljek maslahat bilen utgaşykly guralar. Şol bir wagtda, bäş sany strategiki barlag instituty bilen IWMI-niň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek meýilleşdirilýär.
Bekdurdy AMANSARYÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň uly ylmy işgäri