Iň täze habarlar

Baýramçylyk günlerinde Döwlet sirki her günki çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirer

21.03.2025 | 12:25 |
 Baýramçylyk günlerinde Döwlet sirki her günki çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirer

Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Halkara Nowruz güni mynasybetli ajaýyp sirk çykyşlaryny taýýarladylar.

21-23-nji mart aralygynda Döwlet sirki hemmeleri täsin oýunlar we ýatdan çykmajak duýgylar dünýäsine aralaşmaga çagyrýar. Täze çykyşlar ýaz möwsüminiň täsirli wakasy bolar.

Sahnada hakyky ýyldyzlar – alty gezek halkara sirk festiwallarynyň baş baýraklaryna eýe bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary hem-de meşhur “Türkmen jigitleri” topary çykyş eder. Artistler at üstünde ussat çykyşlaryny, hem-de beýleki sirk žanrlaryndaky täsirli çykyşlaryny ýerine ýetirerler.

Tomaşaçylara tälim berlen haýwanlar, akrobatlar, şadyýan masgarabazlar we beýleki köpsanly zehinli artistler bilen duşuşyklar garaşýar. Her bir çykyş joşgundan we şadyýanlykdan doly hakyky tomaşadyr.

Biletleri sirkiň kassalarynda satyn alyp bolýar. Habarlaşmak üçin: 36-10-95, 36-10-34, 39-80-44, 39-80-45.

ORIENT news

Foto: sirk.gov.tm

Şeýle hem okaň: