Samsung Galaxy AI-ny täzeledi: Galaxy Z we S seriýaly smartfonlar üçin täze mümkinçilikler
11.07.2025 | 13:30 |Samsung Galaxy Z Fold7 we Galaxy Z Flip7 eplenilýän smartfonlarynyň tanyşdyrylmagy bilen bilelikde, Galaxy AI emeli aň toplumy üçin giň gerimli täzelenişi hödürledi. Täze funksiýalar Android 15 we 16 esasynda işläp taýýarlanan OneUI 8 gurnalan soň, Galaxy S we Z seriýaly enjamlar üçin elýeterli bolar.
Esasy täze mümkinçilikleriň arasynda şular bar:
• Gemini fon ýagdaýynda işlemek ukyby: Google-nyň Gemini emeli aň modeli indi ekrandaky mazmuny hakyky wagt tertibinde seljerip bilýär. Ol ulanyjylara açyk programmalara, faýllara ýa-da suratlara laýyk maslahatlary we teklipleri berýär.
• Gemini Live: Bu funksiýa Gemini ulgamyna kameranyň görkezýän şekillerini hakyky wagtda seljerip biler. Mysal üçin, egin-eşik belliklerini okap ýa-da tegmil meselesine çözgüt hödürläp biler. Şeýle hem, başga programmalar bilen bir wagtda işlemegi goldaýar.
• Kamerada «Artykmaç sesleri aýyrmak» funksiýasy: Öň diňe «Galereýada» elýeterli bolan bu mümkinçilik indi wideo düşürilişiň dowamynda ulanylyp, gerekmejek sesleri aýyrmaga mümkinçilik berýär.
• «Portret studiýasy»: Galaxy AI indi adamlar ýa-da haýwanlar bilen düşürilen suratlary saýlap, dört dürli stilde portret döretmegi başarýar.
• «Akylly redaktirleme»: «Galereýa» programmasynda täze funksiýa peýda boldy – ol ýetmeýän obýektleri täzeden gurup, teksturalary, ýagtylygy we perspektiwany sazlap bilýär (meselem, dişlenilen alma suratynda ony doly görnüşe getirýär).
Täze Galaxy AI funksiýalary eýýäm Galaxy Z Fold7 we Gapaxy Z Flip7 smartfonlarynda elýeterlidir. Ýakyn wagtda bu mümkinçilikler Galaxy S25 tapgyrynda hem peýda bolar. Funksiýalaryň köpüsi Russiýada çäklendirmesiz işläp, rus dilini hem doly goldaýar.
ORIENT