Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Hökümetiniň täze agzalary – olar kim?

07.02.2025 | 23:57 |
 Türkmenistanyň Hökümetiniň täze agzalary – olar kim?

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hökümetiň iki agzasy çalyşdy. Ikisi-de dürli wezipelerde özüni görkezen ýokary bilimli, häzirki zaman pikirli we dürli wezipelerde özlerini gowy tarapdan görkezen adamlar. Mundan başga-da ýaş ýolbaşçy işgärlerine bolan häzirki zaman tendensiýasyna gabat gelýän ýeterlik derejede ýaş.

Şeýlelikde, Bahar Seýidowa bary-ýogy 39 ýaşynda. Ol 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri meseleleri boýunça orunbasary wezipesi eýelän Mährijemal Mämmedowanyň ornuna bellendi.

Bahar Seýidowa 1986-njy ýylda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Hojalyk geňeşliginde dünýä inýär. 2002-nji ýylda orta mekdebi tamamlandan badyna Darganata etrabynyň “Magtymguly” daýhan birleşiginde kärendeçi bolup zähmet ýoluna başlady. Ol ýerde iki ýyl işlänsoň, Türkmen döwlet medeniýet institutyna okuwa girýär we 2009-njy ýylda okuwyny tamamlaýar.

Bahar Seýidowa ýokary okuw jaýyny gutarandan soňra, ýerli partiýanyň ýolbaşçylary onuň guramaçylyk ukyplaryny görýänçä, dogduk mekany Darganata etrabynyň Medeniýet merkeziniň kitaphanasynda üç ýyl işleýär.

Terjimehalyndaky bu hakykat, ýaş hünärmeniň geljekki ykbalynda möhüm orny eýeledi. Soňky dört ýylyň dowamynda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň düzüminde dürli wezipelerde işlemek bilen özüniň iş başarnygyny kämilleşdirdi.

2016-njy ýylyň aprel aýyndan 2018-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli ýaş ýolbaşçysy Türkmenabat şäher häkimliginiň Raýat ýagdaýlarynyň namalar ýazgysy bölüminiň müdiri wezipesinde işledi.

2018-nji ýyldan başlap Bahar Seýidowa üç ýyl ýurduň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bölümçe müdiri bolup işledi. 2021–2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.

Gysga wagtlap (2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan aprel aýyna çenli), Demokratik partiýanyň Türkmenabat şäher komitetiniň bölümçe müdiri bolup, halk köpçüliginiň ses bermeginde milli parlamentiň deputatlygyna saýlanýança işledi. Ol ýerde – Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynda – Bahar Hojamuradowna Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetine ýolbaşçylyk etdi.

Şeýlelik bilen, 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Permany bilen Bahar Seýidowany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasаry wezipesine belleýär.

Işläp ýyllarynda täze wise-premýer “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” we “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.

Hökümetiň ýene bir täze agzasy – Mämmetguly Astanagulow ýagny Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipende iki ýyldan gowrak wagt bäri işlän Serdar Joraýewiň ornuna bellendi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň täze ýolbaşçysy, ýokarda agzalan Hökümet agzasy, premýer-ministriň orunbasary Bahar Seýidowadan iki ýaş uly. Ýöne ondan tapawutlylykda Mämmetguly Astanagulowyň zähmet depçersinde ýazylan wezipeleriň sanawy birneme az.

Ol Aşgabatda doglan we orta mekdebi tamamlandan soň Gyrgyzystanyň Oş döwlet uniwersitetine okuw girýär we 2007-nji ýylda ykdysadyýetçi hünärini boýunça okuwyny tamamlaýar.

2008-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Baş maliýe müdirliginiň gazna bölüminiň hünärmeni, gazna bölüminiň merkezleşdirilen býujetiň ýerine ýetirilişini hasaba alýan kiçi bölüminiň baş hünärmeni bolup zähmet ýoluna başlady.

Geljekki ykbaly esasan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen baglanyşykly boldy. 2010 — 2017-nji ýyllar aralygynda Mämmetguly Rozygulyýewiç Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Döwlet býujeti müdirliginde dürli wezipeleri eýeledi.

Soňky üç ýylda ol Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet býujeti müdirliginiň Döwlet býujetiniň girdejiler bölüminiň başlygy bolup işledi.

Zähmet ýolunyň ösüşinde indiki ädim örän jogapkärli wezipe boldy ýagny 2020 - 2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ykdysadyýeti ösdürmek bölüminiň ykdysady seljeriş we durmuş meseleleri bölümçesiniň esasy hünärmeni bolup işledi.

Indiki iki ýylda ol eýýäm tejribesini we bilimini Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň kompýuter tehnologiýalary bölüminiň kompýuter ulgamlarynyň we maglumatlarynyň howpsuzlygy hem-de elektron resminamalaryň dolanyşygy bölümçesiniň esasy hünärmeni wezipesinde ullanýar.

Täze wezipä bellenýänçä onuň soňky wezipesi Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesini eýeleýär. Eýýäm habar berlişi ýaly şu ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Permany bilen Mämmetguly Rozygulyýewiç Astanagulowy Maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine belleýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: