“Balkan” zawodynda ilkinji gury ýük gämisiniň düýbi tutuldy
10.01.2025 | 15:10 |6-njy ýanwarda “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody” AGPJ-de ilkinji gury ýük gämisiniň düýbüni tutmak dabarasy bolup geçdi. Bu çärä zawodyň hünärmenleri we Günorta Koreýanyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.” kompaniýanyň prezidenti Çhwe Ýon Ukuň ýolbaşçylygynda kompaniýanyň wekilleri gatnaşdy.
Dabara zawodyň we ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagynyň ösüşinde möhüm tapgyra öwrülen şanly waka boldy. Gäminiň dalagyny goýmak geljekki gurluşyň berkligini, ygtybarlylygyny we çydamlylygyny alamatlandyrýar. Täze ýük gämisi çeşmeleriň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek bilen, häzirki zaman ülňülerine laýyk geler.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi üçin gury ýük gämileriniň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag pudagynyň maddy-tehniki binýadyny gowulandyrmak baradaky 2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda çykaran Kararynyň çäginde amala aşyrylýar.
Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gäminiň gurluşygyny öz içine alýan bu taslama 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda başlandy. Gurulýan gämileriň ilkinji bölekleri 2024-nji ýylyň 11-nji noýabrynda gurluşyk meýdançasyna getirildi.