Türkmenistanda mümkinçilgi çäkli adamlar üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy
29.12.2024 | 11:50 |Aşgabatda mümkinçilgi çäkli adamlar üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň dabaraly açylyşy boldy. 30-dan gowrak maşgala täze, amatlyklary bolan jaýlaryň açarlaryny aldy diýip, Türkmenistan HHM habar berýär.
Çeşmäniň habaryna görä, bu desganyň gurluşygy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy netijesinde amala aşyryldy.
Täze jaýlar aýratyn mätäçlik çekýän adamlaryň rahat ýaşamaklary üçin zerur zatlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Otaglar olaryň aýratyn zerurlyklaryny göz öňünde tutup bezelendir, daş-töweregi bolsa abadanlaşdyrylan we herekete uýgunlaşdyrylandyr.
Bu ýaşaýyş jaý toplumynyň açylmagy, Türkmenistanyň raýatlarynyň durmuş goraglygyna uly üns berýändiginiň ýene bir subutnamasydyr.
ORIENT news