Iň täze habarlar

Dubaý "pyýadalaryñ şäherine" öwrülýär

23.12.2024 | 14:15 |
 Dubaý "pyýadalaryñ şäherine" öwrülýär

Dubaý özüniñ yssy çöllük gurşawy bilen meşhur bolup, täze "Dubai Walk" atly özboluşly taslamasynyñ çäklerinde "pyýadalar şäheri" bolmaga çalyşýar.

Bu taslama bütin şäher boýunça 6500 km pyýada ýollaryñ gurulmagyny göz öñünde tutýar, olaryñ 2300 km boýunça bar bolan ýollaryñ durky täzelener. 110 sany ýerasty geçelgeleriñ we köprileriñ gurulmagy bu başlangyjyñ esasy bölegi bolar. Taslamanyñ maksady 2040-njy ýyla çenli şäher möçberinde pyýada paýyny 25 % çenli köpeltmekden ybarat. Munuñ üçin dürli ugurlar saýlanyp alynar, şol sanda esasy ýadygärlikleri we ajaýyplyklary, şeýle hem kenarýaka we owadan manzara ýollary birleşdirýän oba, dag we şäher ugurlary girer.

"Geljegiñ halkasy" - esasy düzümleriñ biri bolar. Uzynlygy 2000 m bolan bu utgaşdyrylýan ýerüsti geçelgesi Dubaýyñ esasy ýadygärliklerini özara birleşdirer. Taslama 10 ýylyñ dowamynda ýuwaş-ýuwaş durmuşa geçiriler. Onuñ ilkinji iki ýylyna meýilleşdirilen synag tapgyrlary bolup, gurluşyk 2040-njy ýyla çenli dolulygyna tamamlanar. Bu özgertme Dubaý şäherini pyýadalar üçin has oñaýly we özüne çekiji eder, bu bolsa şäher gurluşygyñ dünýä ugurlaryna laýyk gelýär.

ORIENT news

Foto: chance4traveller.com

Şeýle hem okaň: