Iň täze habarlar

Stambulyň diňleri

21.12.2024 | 10:45 |
 Stambulyň diňleri

Iki yklymy birikdirýän Stambul şäheri jahakeşdelere dürli syýahat we şäher başdan geçirmeleri hödürlemek bilen, olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Gijelerine we gündizlerine ajaýyp şekli bilen çar ýana öwüşgin atýan Bosfor bogazy, Taryhy ýarym adasy we Altyn şahy bilen gurşalan şäher, özboluşly taryhy sazlaşygy emele getirýär. Şäheriň binagärlik keşbine görk goşýan desgalaryň biri hem meşhur diñleri bolup durýar. Geliň, indi bolsa, bilelikde, Stambula amala aşyrjak indiki syýahatyňyzda göz öňünde tutmagyňyz üçin şäheriň ajaýyp nyşanyna öwrülen diňleri bilen tanyş bolalyñ.

Galata diňi - Stambulyň asmana göterilýän ebedi nyşany

Taryhy ýarymadasynda ýerleşýän we Stambulyň iň gözel ýerleriniň biri bolan Galata diňi şäheriň iň görnükli desgasydyr. Dünýäniň iň gadymy diňlerinden biri hasaplanýan bu bina, kerpiçden örümleri, arka penjireleri we haýran galdyryjy konus üçegi ýaly özboluşly bingärligi bilen şäheriñ keşbine görk berýär. Rowaýata görä, Osmanly alymy Hezarfen Çelebi ellerine ganatlary baglap diňiň çür depesinden Üsküdar şäherine uçupdyr. Haçan-da siz hem diňe galanyňyzda, Stambulyň iň giň panoramaly ýerleriniň üstünden uçup barýan ýaly duýgulary başdan geçirersiñiz. Onuñ özüne çekijiligi munuñ bilen çäklenmeýär. Desga şeýle hem şäheriň geçmişiniň taryhy şaýady bolup durýar. Dürli maksatlara hyzmat eden bu desga ilkibaşda Gündogar Rim imperatory Justinian tarapyndan 528-nji ýylda gurulýar, şeýle hem 1384-nji ýylda bolsa Genuaýadan gelen ıtalýan emigrantlary tarapyndan täzeden gurlup, imperiýalaryň göterilmegine we peselmegine şaýatlyk edipdir. Şeýlelik-de, Stambulyň köp gatlakly geçmişine aralaşmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Kim bilen bu diňe çyksaňyz, şonuň bilen durmuş gurjakdygyňyz barada myş-myşlar hem bar.

Gyz diňi (galasy) - Bosfor bogazynyň sessiz synçysy

Stambulyň iň meşhur we iň köp barlyp görülýän ýerlerinden biri bolan Gyz diňi, Bosfor bogazyndaky kiçijek adada aýratyn ýerleşişi bilen tapawutlanýar. Biziň eýýamymyzdan öň bäşinji müň ýyllykda gümrük barlag nokady hökmünde gurlan bu diň, taryhda gözegçilik diňi, ýol görkeziji maýak we karantin mekany bolup hyzmat edipdir. 2023-nji ýylda seresaplyk bilen geçirilen abatlaýyş – dikeldiş işlerinden soň desga ýadygärlik we muzeý hökmünde açylýar. Edil Galata diňi ýaly, Gyz diňi bilen baglanyşykly dürli rowaýatlar bar. Rowaýata görä, bir palçy patyşanyñ gyzynyñ ýylan çakmagy zerarly öljekdigini aýdýar. Patyşa gyzyny ölümden halas etmek üçin kenar ýakasynda bu diňi gurdurýar. Muňa garamazdan, şa gyzy ahyrsoňy ykbalyndan gaçyp bilmeýär we miwe sebeti bilen gala giren ýylan ony çakýar. Başga bir rowaýatda aýdylmagyna görä, Galata diňi bilen Gyz diňi biri-birine aşyk bolupdyrlar we aralaryndaky Bosfor bogazy sebäpli magşuklar gowuşmaýar.

Beýazyt diňi - ýangyna garşy taryhy gözegçi

Beýazyt diňi - Stambul uniwersitetiniň Beýazyt meýdançasynda ýerleşýän ýene-de bir taryhy ýadygärlikleriñ biridir. Sakçylyk wezipesi bilen bir hatarda, şäheriň 360 dereje panorama görnüşini synlamaga mümkinçilik berýän bu diň, dürli reňkli yşyklandyryş ulgamlary arkaly howanyň ýagdaýy bilen baglanyşykly çaklamalar barada habar berýär. Gyzyl yşyk garyň ýagjakdygy barada duýduryş berýär, gök açyk howany aňladýar, ýaşyl ýagyşyň ýagmagyny çaklaýar, sary bolsa dumany alamatlandyrýar. Beýazyt diňiniň hem çuňňur taryhy bar. Ol Osmanly soltany bolan II-nji Mahmudyñ buýrugy bilen ýangyna garşy gözegçilik edilýän diň hökmünde agaçdan gurulypdyr. Şäheriň uzak ýerlerine depeden synlamaga mümkinçilik berýän ilkinji diň bolmak bilen, ýangynyň ýüze çykmagynyň dessine anyklanmagy maksatly hyzmat edipdir. Şeýle-de bolsa, Stambulda bolup geçen uly ýangynda desga ýangyna sezewar bolýar. 1828-nji ýylda bolsa Osman barokko stilinde öňki diňiň ýerine daş diň gurulýar. Häzirki wagtda daş diňe zyýarat edeniňizde Grand bazardan başlap Aýa Sofiýa çenli köpsanly taryhy ýadygärlikleri synlap bilersiňiz.

Çamlyja diňi - iň täze belentlik

Şäheriň tebigy iň beýik nokady bolan Küçük Çamlyja depesinde ýerleşýän Çamlyja diňi Stambulyň iň soňky gurlan diňidir. Şeýle hem şäheriñ iň belent desgasy bolmagy bilen bir hatarda Ýewropanyň hem iň beýik diňlerinden biridir. Ýokary tizlikli tele we radio ýaýlymlary üpjün edýän belentligi 369 metre deñ bolan diň 360 dereje gözegçilik mümkinçiligi hem berýär. Mundan başga-da, bu ýerde restoran, köp maksatly kinoteatr we «Mission Moon» simulýasiýa meýdançasy bar. 49 gatdan ybarat bolan diň hepdäniň ähli günleri açyk. Stambuly Anadoly tarapyndan synlamak üçin Çamlyja diňine baryp bilersiñiz.

ORIENT news

Foto: предоставлено посольством Турции в Туркменистане

Şeýle hem okaň: