Iň täze habarlar

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

19.12.2024 | 12:40 |
 Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäheriniň Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynda Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň çözgüdi bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna resmi taýdan kabul edildi. Degişli şahadatnama Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň ýolbaşçysy K.Zakirýanow tarapyndan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna wekilçilik edýän Talyplar sport klubynyň başlygy, Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş kätibi S.Gurdowa dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşigi (International Association of Universities of Physical Culture and Sport) dünýä jemgyýetçiliginiň öňdebaryjy 60-dan gowrak bedenterbiýe we sport ugurly ýokary okuw mekdeplerini özüne birleşdirip, bilelikde ylmy-barlag işleri geçirmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen döredilendir. Birleşigiň esasy wezipesi bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýetini dünýä derejesinde ýokarlandyrmakdan, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna goşant goşmakdan ybaratdyr. Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşigi bedenterbiýe we sport boýunça bilimi kämilleşdirmek, dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe we sportda okuw maksatnamalarynyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak babatda iş alyp barýar, tejribe alyşmak we ylmy-barlaglary goldamak arkaly birleşik öz agzalarynyň arasynda sport ylmy babatda gazanylan netijeleri paýlaşmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bedenterbiýe we sportda täze usullary, tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda işleri alyp barýar. Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşigi tarapyndan yzygiderli geçirilýän halkara maslahatlar, seminarlardyr simpoziumlar sportuň ösüşini çaltlandyrmak üçin ýokary okuw mekdeplerine ylmy-usulyýet goldawyny üpjün edýär.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edilmegi bedenterbiýe we sportda dünýäniň ösen tejribesiniň, innowasion tehnologiýalaryň hem-de ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň netijeli öwrenilmegi üçin möhümdir.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: