Iň täze habarlar

"Magtymguly Pyragy" filmi ECG Film Festival 2025 çäresinde tomaşaçylaryñ baýragyna mynasyp boldy

03.06.2025 | 18:25 |
 "Magtymguly Pyragy" filmi ECG Film Festival 2025 çäresinde tomaşaçylaryñ baýragyna mynasyp boldy

London şäherinde 22-27-nji maý aralygynda geçirilen ECG Film Festival 7-nji halkara festiwalynda beýik şahyra we akyldara bagyşlanan "Magtymguly Pyragy" filmi doly metražly film ugry boýunça tomaşaçylaryñ baýragyna mynasyp boldy.

Türkmenistanyñ we Özbegistanyñ hyzmatdaşlygynda döredilen bu kino eseri režisýor Muzaffarhon Erkinow tarapyndan hödürlendi. Film halkara köpçüliginiñ aýratyn seslenmesine eýe bolup, beýan etmegiñ hakykylygy, estetikasy we sebitiñ medeni mirasyna bolan çuñ hormaty bilen tomaşaçylaryñ kalplaryny eýeledi.

Bu baýrak diñe bir döredijilik topary üçin däl-de, eýsem tutuş türkmen kinematografy üçin möhüm waka bolup, onuñ halkara giñişligindäki barha artýan ähmiýetini we abraýyny has-da berkitdi.

Ýewraziýanyñ döredijilik gildiýasy tarapyndan guralýan ECG Film Festival çäresi her ýyl 20-den gowrak ýurduñ kinematografçylaryny ýygnap, ýewraziýa kino sungatyny ösdürmek üçin ajaýyp meýdança hökmünde hyzmat edýär. "Magtymguly Pyragy" filmiñ gazanan bu üstünligi bütin dünýäniñ tomaşaçylarynyñ ýüreklerinde orun tapýan Türkmenistanyñ medeni mirasynyñ döwrebaplylygynyñ we kuwwatynyñ subutnamasydyr.

ECG Film Festival 2026 çäresiniñ täze möwsüminiñ açykdygyny bellemek zerur. Guramaçylar režisýorlary, ssenariçileri, animatorlary we klipmeýkerleri arzalaryny tabşyryp, festiwalyñ indiki tapgyryna goşulşmaga çagyrýarlar.

Habarlaşmak üçin:

info@eurasianfilmfestival.uk

https://eurasianfilmfestival.uk

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: