Iň täze habarlar

Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystan Ustyurt platosynda tebigaty goramak işlerini güýçlendirerler

03.06.2025 | 10:45 |
 Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystan Ustyurt platosynda tebigaty goramak işlerini güýçlendirerler

Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystan seýrek duş gelýän haýwanlaryň ýaşaýan ýerleriniň biri bolan Ustyurt platosynda tebigaty bilelikde goramak boýunça ylalaşyk gazandylar. 2030-njy ýyla çenli niýetlenilen ýol kartasy haýwanlaryň göç etýän ýollaryny gorap saklamaga we monitoringi gowulandyrmaga kömek eder.

Ustyurt ähtnamasyna gatnaşýan üç döwletiň – Özbegistanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň – wekiliýetleri Ustyurt platosynda tebigaty goramak boýunça çäreleri güýçlendirmek üçin ýol kartasyna gol çekdiler. Bu resminamanyň taýýarlanylmagyna Mihael Zukkow gaznasy (tebigaty gorap saklamak bilen meşgullanýan haýyr-sahawat gaznasy) we BMG-niň göçýän haýwan görnüşlerini goramak baradaky Bonn konwensiýasynyň sekretariaty goldaw berdi.

Ýol kartasynyň maksady – sebitdäki ýurtlaryň we halkara hyzmatdaşlarynyň tagallalaryny birleşdirip, biologik köpdürlüligi gorap saklamakdyr. Mihaýel Zukkow gaznasynyň wekili, ekolog Rustam Murzahanowyň bellemegine görä, ekoulgamlara meýilleşdirilýän energetika we infrastruktura taslamalary tarapyndan hem howp abanýar.

2025–2030-njy ýyllar üçin taýýarlanan ýol kartasy aşakdaky esasy ugurlary öz içine alýar:

Ýabany haýwanlary we olaryň ýaşaýan ýerlerini serhetüsti goragy;

Seýrek görnüşli haýwanlaryň serhetüsti populýasiýalarynyň monitoringiniñ gowulandyrylmagy;

Ustyurt platosynyň biologik köpdürlüligi saklamakdaky ähmiýeti baradaky habarlylygy ýokarlandyrmak;

Ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek we ykdysady ösüşiň biologik köpdürlülige edýän täsirini azaltmak;

Gepardy täzeden ýaşaýyş ýerlerine ýerleşdirmek boýunça bilelikdäki işler; Halkara tebigaty goramak hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek.

Bu çäreleriň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň degişli tebigaty goramak edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Ustyurt platosynyň ekologiýa meseleleri we çözgüt ýollary Haýwan görnüşleriniñ göçmek meseleleri. Ustyurt platosy Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde ýerleşip, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerine girýär. Bu sebit aşa gurak howa şertlerine eýe bolup, tomusda gaty yssy we gurak, gyşda bolsa sowuk we şemally howa bolýar.

Bu çylşyrymly howa şertlerine garamazdan, Ustyurt platosy täsin ekoulgamy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde 700-den gowrak ösümlik görnüşi, takmynan 230 guş görnüşi we 60-a golaý süýdemdirijiler ýaşaýar. Olaryň arasynda keýikler, saýgaklar, gulanlar we Ustyurt urialy ýaly seýrek haýwanlar bar.

Ustyurt platosy seýrek görnüşli haýwanlaryň göç ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär. Çöl ekoulgamlarynda haýwanlar uzak aralyklara göçýärler, sebäbi bu ýerlerde ösümlikler seýrek, suw çeşmeleri bolsa örän az. Göç – olaryň diri galmagynyň, köpelmeginiň we populýasiýasynyň saklanylmagynyň esasy şerti. Keýikler we gulanlar ýaly haýwanlar her ýyl ýüzlerçe kilometr aralyk geçip, döwlet araçäklerini kesip geçýärler, şonuň üçin olaryň serhetüsti derejede goralmagy zerurdyr.

Ustyurt platosyndaky suw çeşmeleriniň elýeterliligine hem baha bermek göz öňünde tutulýar. Gurak sebitde suwuň elýeterliligi ýabany haýwanlaryň diri galmagy üçin möhüm şertdir. Bar bolan çeşmeleri seljerip, gerek bolsa, täze emeli suw içilýän ýerlerini döretmek teklip edilýär. Bu çäre ekoulgamyñ guraklyga durnuklylygyny ýokarlandyrar we haýwanat dünýäsine düşýän basyşy azaldar.

Tebigaty goramak edaralarynyň işgärleri täze düzgünleri ornaşdyrmak boýunça ýörite okuwlara gatnaşarlar. Rustam Murzahanowyň aýtmagyna görä, hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berler. Ustýurt sebitindäki her bir ýurt boýunça, iň bolmanda bir gezek hukuk goraýjy işgärleriň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça çäre geçiriler. Şol bir wagtda, SMART ulgamlary we dronlar ýaly häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly tebigaty goramak boýunça monitoringi ösdürmek işleri başlar.

Häzirki wagtda Ustyurt platosynda milli derejeli bäş sany goragly tebigy ýer hereket edýär:

Ustyurt döwlet goraghanasy (Gazagystan);

Gaplangyr döwlet goraghanasy (Türkmenistan);

“Günorta Ustyurt” milli parky (Özbegistan);

“Saýgak” toplumlaýyn goraghanasy (Özbegistan);

“Barsakelmes” goraghanasy (Özbegistan).

Birnäçe ýyl mundan ozal, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti tarapyndan goragly tebigy ýerleriñ arasynda utgaşyklylygy ýola goýmak taslamasy başlanypdy diýip, Rustam Murzahanow belledi. Onuñ aýtmagyna görä, bu iş esasan hem degişli edaralaryň arasyndaky keseleýin gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirildi.

ORIENT

ORIENT

Foto: centralasiaclimateportal.org

Şeýle hem okaň: