Iň täze habarlar

Türkmen oba hojalyk işgärleri John Deer kompaniýasynyñ soñky nesliniñ döwrebap tehnikasyny ulanyp başladylar

09.06.2025 | 17:30 |
 Türkmen oba hojalyk işgärleri John Deer kompaniýasynyñ soñky nesliniñ döwrebap tehnikasyny ulanyp başladylar

Türkmenistanyň oba hojalyk işgärleriniň ygtyýaryna “John Deere” kompaniýasy tarapyndan öndürilen M732i kysymly täze tirkeg sepiji enjamlar gelip başlady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu tehnika suwuk dökünleri we ýaprakdan iýmitlendirmegi meýdanlara tygşytly we takyk görnüşde geçirmek hem-de zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşmek üçin niýetlenendir. Sepiji enjam “John Deere”, “CLAAS”, “MTZ” kysymly traktorlara birikdirilip, sanly elektron dolandyryş ulgamy arkaly işledilýär.

Enjamyň iş gerimi 24 metre barabar bolup, meýdanyň ýagdaýyna we ösümlikleriň islegine baglylykda 24, 18, 12 ýa-da 6 metr giňlikde suwuklandyrylan dökünleri sepmäge mümkinçilik berýär. Ulgam sepiş basyşyny we mukdaryny dolandyrmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa işiň takyklygyny üpjün edýär.

Täze modeliň artykmaçlyklarynyň biri hem tigir aralygyny ekin hatarlarynyň aralygyna görä sazlap bolmagydyr — 60, 75 ýa-da 90 santimetr. Sepijiniň esasy bakynyň göwrümi 3200 litr bolup, doly iş ýagdaýyndaky agramy 6960 kilograma ýetýär.

Sepiji enjamyň tehniki aýratynlyklary we meýdan şertlerindäki mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen, Lebap welaýatynda «IPC Agri» kärhanasynyň hünärmenleriniň, «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň işgärleriniň, agronomlaryň, ösümlikleri goramak gullugynyň wekilleriniň, tejribeli mehanizatorlaryň hem-de Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda ýörite okuw-seminar geçirildi.

Seminaryň amaly bölümi pagta meýdanlarynda geçirildi. Habarda bellenilişi ýaly, gelen täze sepiji enjamlar eýýäm meýdanlarda işler bilen gyssagly başlanmak üçin hojalyklara ugradyldy.

ORIENT

Foto: deere.ua

Şeýle hem okaň: