Iň täze habarlar

SOCAR Türkmenistanda ekologiýa başlangyçlary bilen tanyşdyrdy

09.06.2025 | 11:10 |
 SOCAR Türkmenistanda ekologiýa başlangyçlary bilen tanyşdyrdy

Azerbaýjanyň Döwlet Nebit Kompaniýasynyň (SOCAR) Prezidenti Rowşan Najaf, Aşgabatda geçirilen "Uglewodorod ýataklaryny işlemekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologiki ugurlary” atly Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatda çykyş etmek bilen, Rowşan Najaf energetikanyñ, tehnologiýalaryñ we ekologiýanyň birleşýän ýerindäki durnukly ösüş üçin möhüm wezipeler barada gürrüň berdi.

SOCAR-yň 2050-nji ýyla çenli “zyňyndylaryñ arassa nol” derejesine ýetmek maksady, dekarbonizasiýa boýunça başlangyçlary we bu ugurda görlen çäreler barada çykyşynda giňişleýin maglumat berdi. Ol “SOCAR Green” (Azerbaýjanyň Döwlet Nebit Kompaniýasynyň golçur kärhanasy) tarapyndan durmuşa geçirilýän gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça taslamalary, pes uglerodly çözgütler we metan zyňyndylaryna emeli hemralar arkaly gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

SOCAR-yň prezidenti Azerbaýjanyň dünýäde howanyň üýtgemegine garşy göreşe işjeň gatnaşýandygyny belläp geçdi we COP29 maslahaty ýaly abraýly çäräniñ Bakuda geçirilmeginiň ýurduň ekologik meseleleriň çözgüdine çynlakaý çemeleşýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

ORIENT

Foto: report.az

Şeýle hem okaň: