Iň täze habarlar

Turkish Airlines meşhur ugurlar boýunça gatnaw sanyny köpeldýär

09.06.2025 | 10:30 |
 Turkish Airlines meşhur ugurlar boýunça gatnaw sanyny köpeldýär

Türkiýäniň iň iri howa gatnawy kompaniýasy Turkish Airlines birnäçe halkara ugry boýunça uçuşlaryň sanynyň artdyrylýandygyny habar berdi. 9-njy iýundan başlap, Stambul – Lýuksemburg – Stambul ugry boýunça gatnawlaryň sany hepdede 14-e ýetirilýär. Indi ýolagçylar üçin günde iki gezek – irden we gündiz – uçuş elýeterli bolar.

Şeýle hem, 10-njy iýundan başlap, Turkish Airlines Stambul – Taýpeý (Taýwanyñ paýtagty) ugry boýunça hem uçuşlary köpeldýär. Täze tertip boýunça bu ugurda hepdede 12 uçuş amala aşyrylar.

Mundan başga-da, 9-njy iýundan Turkish Airlines Afrikanyň ugurlary boýunça hem gatnaw geografiýasyny giňeldýär. Stambul – Lusaka (Dar-es-Salam arkaly) ugry boýunça gatnawlar täzeden dikeldilip, indi olar hepdede üç gezek amala aşyrylar.

Şeýle-de, 9-njy iýundan Turkish Airlines tarapyndan Mançester ugruna hepdede 28 gatnaw ýerine ýetirilýär. Bu ýolagçylara günde 4 gezek iki tarapa uçmak mümkinçiligini döredýär.

Mundan başga-da, Stambul – Kuala-Lumpur – Sidneý ugry boýunça hem uçuşlaryň ýygylygy artýar. Täze tertipde bu ugurda hepdede 5 gatnaw göz öňünde tutulýar, bu bolsa Türkiýe, Malaýziýa we Awstraliýa arasyndaky howa gatnawlaryny has amatly edýär.

Has giňişleýin maglumat üçin awiakompaniýanyň resmi sahypasyna girmegiňizi maslahat berýäris: https://www.turkishairlines.com/.

ORIENT

Foto: turkishairlines.com

Şeýle hem okaň: