2025-nji ýylda dünýäniñ iñ köp satylan smartfony mälim boldy
09.06.2025 | 13:30 |2025-nji ýylyň ýanwar–mart aýlarynda iPhone 16-nyň esasy modeli soňky iki ýylyň dowamynda ilkinji gezek dünýäde iň köp satylan smartfonlaryň sanawynda ilkinji ýere gaýdyp geldi. Bu barada Counterpoint Research barlag kompaniýasy habar berýär. Apple kompaniýasy ilkinji onlukda bäş orny eýeledi — bu görkeziji bilen kompaniýa bäşinji çärýekdir birinji orny saklaýar.
Ikinji we üçünji ýerlerde degişli ýagdaýda iPhone 16 Pro Max we iPhone 16 Pro modelleri ýerleşdi. Hytaý bazaryndaky kynçylyklara — subsidiýalar bilen goldanylýan elýeterli modellere garamazdan — flagman modeller soňky üç çärýekde iPhone satuwlarynyň takmynan ýarysyny üpjün etmegini dowam etdirýär.
IPhone 16e modeli, fewral aýynda çykarylan bolsa-da, mart aýynda dünýä sanawynda altynjy orna çykdy — onuň doly satuw aýy ilkinji gezek martda boldy. iPhone SE 2022-den has gymmat bolmagyna garamazdan, onuň gowulandyrylan aýratynlyklary we giňeldilen funksiýalary oña üstünlikli başlamaga mümkinçilik berip, ýyl ahyrynda öňki modelden öňe geçmegine ýardam bermegi ähtimal.
Samsung hem ynamly orunlaryny saklaýar: Galaxy A16 5G modeli Demirgazyk Amerikada we ösüp barýan sebitlerde satuwyň giňelmegi bilen bäşinji ýere çykdy. Galaxy S25 Ultra bolsa geçen ýyldaky S24 Ultra bilen deňeşdirilende bäşinji ýerden ýedinji ýere düşdi — esasan hem onuň satuwa giç çykmagy we birinji çärýekde az wagtlap elýeterli bolmagy sebäpli.
Elýeterli bahaly smartfonlara bolan gyzyklanma çalt artýar — 100 dollardan arzan modeller iň çalt ösýän kategoriýa öwrülip, dünýä bazarynyň takmynan 20%-ini eýeledi. Galaxy A06 we Redmi 14C 4G aýratyn tapawutlandy — soňky model Apple ýa-da Samsung-a degişli bolmadyk ýeke-täk model bolup, Redmi 13C 4G bilen deňeşdirilende 43% ösüş görkezdi.
ORIENT