Iň täze habarlar

“Türkmentel-2024”-de banking awtomatizasiýasy üçin çözgüt we QR Pay tehnologiýasy bilen tanyşdyryldy

19.11.2024 | 11:00 |
 “Türkmentel-2024”-de banking awtomatizasiýasy üçin çözgüt we QR Pay tehnologiýasy bilen tanyşdyryldy

14-16-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmentel-2024 Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. IT-senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň arasynda Colvir Software Solutions kompaniýasynyň stendi hem bardy. IT-tehnologiýa, kommunikasiýa enjamlary we aragatnaşyk pudagynda işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrmagyň çäklerinde kompaniýa banking, poçta işiniň, elektron hökümetiniň awtomatizasiýasy üçin çözgütleri we QR Pay tehnologiýalary bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak meseleleri “Türkmentel-2024” sergisiniň esasy üns merkezindedi. Maliýe pudagy üçin IT-çözgütleriniň halkara üpjün edijisi bolan Colvir kompaniýasy ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň sanly transformasiýasy üçin birnäçe häzirki zaman mümkinçiliklerini hödürledi.

Colvir Software Solutions kompaniýasynyň işewürligi we önümleri ösdürmek departamentiniň direktory Denis Ýudin şeýle diýip belledi:

  • Biz banklara uzak aralykdan bank hyzmatlar ugruny ösdürmegi teklip edip, hem fiziki şahslara, hem işewürlige banka barmadan bank amallaryny, meselem, karty gaýtadan goýbermek ýa-da kredit almak mümkinçiliklerini hödürleýäris. Türkmenistanyň poçtasynyň bank ekoulgamyna integrasiýa taslamasynyň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Poçtanyň awtomatizasiýasy we onuň bank ulgamyna gatnaşmagy raýatlaryň hem poçta, hem maliýe hyzmatalaryna elýeterliligini aňsatlaşdyrar. Ählumumy trendlere eýermeklik Türkmenistana dünýä tehnologiýa trasformasiýasynyň doly hukukly gatnaşyjysy bolmaga hem-de ilata hyzmat ediş işinde belli derejede kämilleşdirilmegine ýardam eder.
  • Serginiň çäklerinde Colvir stendi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň meşhur töleg usuly QR Pay tehnologiýalary bilen tanyşdyrdy. Ulanylyş ýeňilligi we ulanyjylaryň rahatlygyny gazanmakda uly üstünligi bilen sanly innowasiýa sebitde giňden ýaýrady.

Şeýle hem Denis Ýudin şeýle diýdi:

  • Türkmentel-de görkezilen QR Pay tehnologiýasy Türkmenistanyň hasaplaşyk ulgamynyň mümkin bolan geljegi bolup, eýýäm şu gün elýeterlidir. Bu tehnologiýa Internet ulgamynyň bar ýerinde: takside, söwda merkezinde, kafede, öýden uzakda aralykda – töleg amallaryny çalt we çyk ýagdaýda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Munuň üçin satyja we müşderä gerek bolan zat – ykjam telefon ýa-da planşet. Ýurduň her bir raýatyna we kompaniýasyna QR Pay tehnologiýalaryň elýeterli bolmagy üçin biz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga açykdyrys.

Türkmentel sergisinde islendik adam Colvir stendine baryp, QR Pay tehnologiýasyny barlap hem-de IT-senagatynyň professionallary bilen sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň iň täze işläp taýýarlamalary we müminçilikleri barada maslahatlaşyp bildi.

Colvir Software Solutions kompaniýasy barada Colvir Software Solutions kompaniýasy 2000-nji ýylda Beýik Britaniýada esaslandyrylyp, banklaryň, poçtalaryň, kärhanlaryň we döwlet maliýe institularyň maliýe we hojalyk işleri üçin toplumlaýyn integrirlenen çözgütlerini işläp taýýarlamakda, ornaşdyrmakda we goldamakda ýöriteleşýär.

Kompaniýanyň döredilenden bäri banklar, poçtalar, kärhanalar we döwlet maliýe institulary üçin önümler işläp taýýarlanyldy we olar müşderileriň ýokary bahalaryny gazandylar. Soňky on ýylyň dowamynda agzalan önümleriň esasynda kompaniýa tarapyndan GDA we onuň daşyndaky ýurtlarda 600-den gowrak taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi.

Colvir Software Solutions kompaniýasy Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri iş alyp barýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň 80 % banklary Colvir-iň IT-çözgütlerini ulanýar. Ýurduň 90 % gowrak bank maliýe akymlarynyň kompaniýanyň önümleri bilen hyzmatlary ýetirilýär. Türkmenistanda Colvir kompaniýasynyň esasy maksatlary: durnukly ykdysady ösüşi, bank bilermenler bileleşgniň döredilmegi hem-de häzirki zaman hasaplaşyk gurallarynyň ösdürilmegi.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: