Iň täze habarlar

“Starlink” we “AirBaltic” ähli ýolagçylar üçin mugt çalt interneti ýola goýandyklaryny habar berdi

09.01.2025 | 11:58 |
 “Starlink” we “AirBaltic” ähli ýolagçylar üçin mugt çalt interneti ýola goýandyklaryny habar berdi

Latwiýanyň milli howa gatnawy “Air Baltic” öz uçarynda “Starlink” hemra internetiniň işleýşini barlamak üçin synag uçuşyny geçirdi, bu Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy agentliginiň (EASA) degişli şahadatnama almak üçin zerurdyr.

Awiakompaniýanyň habaryna görä, “Starlink” internediniň işleýşi Riga uçan “Airbus A220-300” uçarynda synag edildi. Uçuş wagtynda internet-terminalynyň işleýşi we internet-birikmesiniň hili barlandy.

“Air Baltic” 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda öz uçarlaryna “Starlink” terminallaryny gurup başlamagy meýilleşdirýär we tutuş awiaparkyny şeýle terminallary ornaşdyrar. “Air Baltic” kompaniýasynyň ýolagçylara uçuş wagtynda internete giriş hyzmaty mugt bolar diýip, göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda amerikanyň kosmos kompaniýasy “SpaceX” -iň golçur kärhanasy tarapyndan işlenip düzülýän “Starlink” hemra interneti dünýäde takmynan 4,6 million müşderi tarapyndan ulanylýar. Geçen ýyldan bäri Ýeriň pes orbitasyndaky emeli hemralaryň ulgamy arkaly internete girmegi üpjün edýän “Starlink” raýat awiasiýasyna bu hyzmaty hödürläp başlady.

ORIENT news

Foto: travel-dealz.com

Şeýle hem okaň: