Iň täze habarlar

Kino dünýäsine aralaşyň: simfoniki orkestr Jon Uilýamsyň iň gowy eselerini ýerine ýetirer

24.10.2024 | 08:30 |
 Kino dünýäsine aralaşyň: simfoniki orkestr Jon Uilýamsyň iň gowy eselerini ýerine ýetirer

1-nji noýabrda Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýatdan çykmajak konserti geçiriler. Türkmenistanyň at gazanan artisti dirižýor Resul Gylyjowyň çeper ýolbaşçylygynda dünýä belli filmleriň meşhur sazlary ýerine ýetiriler.

Maksatnamada “Indiana Jons” we “Şindleriň sanawy” ýaly kinematografiýanyň ajaýyp nusgalary üçin saz düzen kompozitor Jon Uilýamsyň dünýä belli eserleri ýer aldy. Millionlarça tomaşaçylaryň kalplaryny eýelän owazlar kinematografiýa gudratynyň atmosferasyny döredip ýaňlanar.

Konsertiň dowamynda diňleýjiler uly ekranda Stiwen Spilbergiň filmlerinden sahnalar bilen utgaşdyrylan sazlaryň orkestr tarapyndan janly ýerine ýetirilişinden lezzet alarlar, şeýle hem sungat zehininiň ikisiniň hyzmatdaşlygynyň netijesinde dörän sazyň dürli öwüşginleri bilen tanyşarlar.

Biletleri satyn almak bilen baglanyşykly ähli soraglar boýunça aşaky telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz:

(+99312) 22-38-98; 51-41-57; (+99363) 46-71-77; (+99364) 03-74-56. Konsert 19:00 başlaýar.

ORIENT news

Foto: Konsertiň guramaçylary tarapyndan hödürlenildi

Şeýle hem okaň: