Iň täze habarlar

“Demirýollary” AGPJ-niň hünärmenleri “InnoTrans 2024” atly halkara sergisinde demir ýol pudagyndaky täzeçillikleri öwrenýärler

24.09.2024 | 19:30 |
 “Demirýollary” AGPJ-niň hünärmenleri “InnoTrans 2024” atly halkara sergisinde demir ýol pudagyndaky täzeçillikleri öwrenýärler

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Berlinde “InnoTrans 2024” atly giň göwrümli halkara ulag sergisi açyldy. Demir ýol puganyň senenamasyndaky möhüm waka hasaplanýan “InnoTrans” sergisine “Demirýollary” AGPJ-niň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Çäräniň çäginde “Demirýollary” AGPJ-niň hünärmenleri Ispaniýanyň “Talgo” wagon gurluşyk kompaniýasynyň, Fransiýaniň “Alstom” maşyngurluşyk kompaniýasynyň, Şweýsariýanyň “Stadler Rail” demirýol önümçilik kompaniýasynyň, Çehiýanyň Škoda Transportation” lokomotiw we otly önümçilik kompaniýasynyň şeýle hem Horwatiýanyň “TZV Gredelj” önümçilik kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirer.

Bu ýyl bu çärä 59 ýurtdan 2940-dan gowrak demir ýol tehnologiýasy, infrastruktura we jemgyýetçilik ulaglary pudagynda innowasion çözgütleri hödürleýän eksponentleri bir ýere jemländigini bellemelidiris.

Sergä gatnaşmak, türkmen hünärmenleri üçin aýratyn ähmiýete eýe, sebäbi demir ýol ulaglary dünýäsindäki iň täze täzelikler we ösen tehnologiýalar bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredýär. Şeýle täzelikler Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakda we mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm orun eýeläp biler.

Sanly tehnologiýa we ulag boýunça federal ministri doktor Wolker Wissing we “Messe Berliniň”iň baş direktory Dirk Hoffmann sergini dabaraly açdylar we pikir alyşmak we durnukly tehnologiýalary ösdürmek üçin serginiň ähmiýetini bellediler.

Sergi 27-nji sentýabra çenli dowam eder we wodorod otlylary we elektrobuslar ýaly 226 dünýä premýerasyny görkezer.

Foto: Demirýollary” AGPJ

Şeýle hem okaň: