Iň täze habarlar

Türkmenistanlylar üçin «Saraý» goşundysyndan peýdalanmaga 10 sebäp

26.09.2024 | 11:30 |
 Türkmenistanlylar üçin «Saraý» goşundysyndan peýdalanmaga 10 sebäp

«Saraý» goşundysy — Türkmenistanda ulanyjylar üçin köpugurly platforma bolup, köp sanly hyzmatlary hödürleýär. Ol dürli onlaýn hyzmatlara we maglumatlara aňsat elýeterlilik üçin döredildi.

Goşundyda aşakdaky esasy bölümler bar: Mahabatlar; Ýol hereket düzgünlerini bozlandygy üçin jerimeleri tölemek; Agyz suw we jemagat tölegi; Aýdym.com; Belet Film tölegi; Internet tölegi; Ulag hyzmaty; Telefonyň balansyny doldurmak; Onlaýn demir ýol peteklerini satyn almak; Habarlar.

Bu bölümler ýokary hilli dürli hyzmatlary hödürläp, ulanyjylara amatly mümkinçilikleri döredip, işlerini ýeňilleşdirýär. Gliň, her bir bölüm barada giňişleýin gürrüň edeliň:

1

1. Mahabatlar. Bu bölüm telekeçilere we şahsy sektoryň wekillerine dürli harytlary satmak we satyn almak üçin mahabatlary ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde gozgalmaýan emläkden başlap, ulaglar, elektronika, egin-eşik, mebel we başga-da dürli kategoriýalar boýunça harytlar tapmak mümkin. Şeýle-de, iş ýerleri we hyzmatlar, şol sanda toý-dabaralary guramak, abatlaýyş işleri barada maglumatlar hem ýerleşdirilýär.

2. PÝGG jerimeleri. Bu bölüm ulanyjylara ýol hereketinde goýberilen ýalňyşlyklar sebäpli polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan sürüjilere ýazylan jerimeleriň töleglerini internet arkaly onlaýn görnüşde tölemek mümkinçiligini döredýär. Ulag eýeleri Saraý goşundysy arkaly jerimeleri tölemekde amatly şertlerden peýdalanyp bilerler. Bank karty arkaly jerime tölemek tiz we amatlydyr.

3. Agyz suw we jemagat tölegi. Bu hyzmat jemagat hojalygynyň hyzmatlarynyň hem-de arassa agyz suw töleglerini awtomatlaşdyrmak üçin niýetlenendir. Bu ykjam goşundynyň kömegi bilen jemagat hojalygynyň hyzmatlarynyň töleglerini smartfon ýa-da planşet ulanyp, ýeňil girizmek bolýar. Şeýlelikde bolsa, indiden beýläk degişli tölegleri tölemek üçin banklara ýa-da töleg edilýän ýerlere gitmek, nobata durmak zerurlygy aradan aýrylýar. Goşundy arkaly islendik ýerden onlaýn tölegi amala aşyryp bilersiňiz.

4. Aýdym.com tölegi. «Saraý» goşundusy arkaly Türkmenistanda meşhur bolan Aýdym.com platformasynyň abunalygyny tölemek mümkinçiligi bar, bu bolsa tiz we aňsat ýagdaýda halaýan aýdymlaryňyzy diňlemäge mümkinçilik berýär.

5. Belet Film.«Saraý» goşundysynda Belet Film onlaýn kino teatryna girip, dürli filmleri we teleseriallary görüp bolýar. Bu ulanyjylara öýde amatly dynç almak üçin amatly hyzmatdyr.

6. Ulag hyzmaty.Bu bölümde ulanyjylar diňe bir awtoulag sargyt edip bilmän, eýsem öz awtoulaglary bilen degişli hyzmatlaryny hem hödürläp bilerler. «Saraý» administrasiýasy dürli ulaglaryň sürüjilerini hyzmatdaşlyga çagyrýar.

2

7. Internet we telefon tölegi.Bu funksiýa ulanyjylara bank karty arkaly TürkmenTelekom we AŞTU ýaly internet hyzmatlary üçin tiz we aňsat tölegleri amala aşyrmaga ýardam berýär. Şeýle-de, telefon balansyny doldurmak hyzmaty-da bar.

8. Onlaýn petek satyn almak.Bu bölüm arkaly goşundydan petek satyn alyp bolýar. Ýolagçylar otla petek satyn almakda bu hyzmatdan peýdalanyp bilerler.

9. Habarlar. Habarlar bölümi ulanyjylara ýurduň içindäki we dünýädäki iň täze wakalar barada maglumat berýär. Bu bölümde syýasat, ykdysadyýet, sport, bilim we medeniýet bilen baglanyşykly habarlary okap bolýar.

10. «Saraý» goşundysy köpugurlylygy we amatlylygy bilen tapawutlanýar, Türkmenistanda gündelik hyzmatlardan peýdalanmagy aňsatlaşdyrýar we ulanyjylaryň durmuşyny ýeňilleşdirýär.

«Saraý» goşundysy iOS we Android ulanyjylar üçin elýeterli bolup, ony App Store we Play market programmalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.

Foto: Orient.tm

Şeýle hem okaň: