Iň täze habarlar

20 ýyllyk taryhy bolan konditer önümlerini öndürijiniň kärhanasyna sapar

23.09.2024 | 06:30 |
 20 ýyllyk taryhy bolan konditer önümlerini öndürijiniň kärhanasyna sapar

USAID-yň Merkezi Aziýadaky Söwda Maksatnamasy ORIENT habarlar agentligi bilen bilelikde «Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy» atly taslamasynyň çäginde «Misgär» hojalyk jemgyýetiniň eksport boýunça hünärmeni Pälwan Baýramsähedow bilen söhbetdeşlik geçirdik. Söhbetdeşligiň dowamynda ol bizi kompaniýanyň işi we kärhananyň önümleri bilen tanyşdyrdy we eksport işleri bilen gyzyklanýan ýaş telekeçilere birnäçe maslahatlary aýdyp geçdi.

Misgär 2000-nji ýylda konditer önümlerini öndürip başlady. Misgär kärhanasynyň wekiliniň sözlerine görä, kärhanada oturdylan häzirki zaman ýokary tehnologiýaly türk enjamlary ýylda 1500 tonna çenli konditer önümlerini öndürmäge şert döredýär. Bu bolsa 40-dan gowrak ýokary hilli önümleri, şol sanda dürli görnüşli tagamly meşhur Misgär waflileri, şeker kökeleri, şokolad bilen örtülen kökeleri we krekerleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Köke we wafli önümçiligi taýýarlanşyň we tehnologiki görkezijileriň berk berjaý edilmegini talap edýän çylşyrymly prosesdir. Konditer önümleriniň hamyryň düzümi, galyp we bişirmek usuly bilen baglanyşykly özboluşly aýratynlyklary hem bar. Misgär hojalyk jemgyýeti özgerýän kompaniýalaryň biridir. Önümlerini has tagamly we görnüşlerini köpeltmek üçin yzygiderli täze çözgütler gözleýändir.

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Kuwwatly köçesi, 3-nji bina;

Telefon belgisi: (+993 12) 59 55 15, (+993 65) 56 26 80;

e-mail: misgar59@mail.ru

Web-sahypasy: https://misgar.com.tm/

Bu neşir USAID-yň Merkezi Aziýadaky Söwda Maksatnamasy ORIENT habarlar portaly bilen bilelikde "Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy" atly rubrikanyň çäginde taýýarlandy.

Foto: Orient.tm

Şeýle hem okaň: