Iň täze habarlar

«Huawei Connect–2024» — sanly özgertmeler boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri

20.09.2024 | 11:54 |
 «Huawei Connect–2024» — sanly özgertmeler boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyndaky resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasarynyň “MKT ugurly hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ösdürmek” bölüminiň müdiri jenap Sung Gang bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmakda we ýurduň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşini üpjün etmek üçin MKT hünärmenleriniň başarnyklaryny ösdürmekde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda Sung Gang Türkmenistanyň bilim edaralarynyň sanly infrastrukturasyny ösdürmekde, «Huawei»-iň MKT ugury boýunça işgärleri taýýarlamakda we okuwlary geçmekde hyzmatdaşlyga taýýardygyny belledi. Ara alnyp maslahatlaşylan esasy mowzuklaryň biri hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar (MKT) boýunça okuw maksatnamalaryny ösdürmek boldy. «Huawei» 5G, IoT we bulut hasaplamalary boýunça sertifikatlaşdyrylan okuw sapaklaryny Türkmenistanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň okuw maksatnamalaryna goşmagy teklip etdi. Şeýle-de, bulut çözgütlerini we emeli intellekti (EI) bilim ulgamyna degişli işlerde ulanmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, talyplaryň okuw maksatnamalaryny şahsylaşdyrmaga, olaryň üstünliklerini we zerurlyklaryny seljermäge hem-de wirtual okuw gurşawyny döretmäge mümkinçilik berýän emeli intellekte esaslanýan platformalary ornaşdyrmak meseleleri öňe sürüldi. Bu tehnologiýalar bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak we bilim proseslerini optimizirlemek üçin ulanylýar.

Innowasiýa we gözleg merkezlerini döretmekde hyzmatdaşlyk ugry boýunça Türkmenistanyň uniwersitetlerinde «Huawei» bilen hyzmatdaşlykda gözleg we innowasiýa merkezlerini döretmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu merkezler MKT ugry boýunça täze çözgütleri ösdürmäge gönükdiriler, bu bolsa ýurduň ylmy we tehnologiki mümkinçiliklerini ösdürmäge hem-de innowasiýa ekosistemasyny goldamaga kömek eder.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew mugallymlar we talyplar üçin «Huawei»-iň tehnologiki merkezlerinde tejribe maksatnamalaryny guramak, şeýle-de bilim edaralarynyň işgärleri üçin hünär ösüşi maksatnamalaryny ösdürmek bilen gyzyklanýandygyny aýtdy. Bu maksatnamalar gatnaşyjylara öňdebaryjy tehnologiýalar bilen işlemekde özboluşly tejribe gazanmaga we hünär başarnyklaryny gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar teklip edilen başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmek, şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «Huawei» kompaniýasynyň arasynda MKT merkezini döretmek boýunça hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekmek meselesi boýunça ylalaşdylar. Bu merkez agzalan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak we ösdürmek üçin meýdança bolup hyzmat eder. Merkez maglumatlary alyşmak we bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmek üçin platforma bolar. «Big Data», «EI» ýaly bilim maksatnamalary boýunça ara alnyp maslahatlaşmalarda merkez üçin zerur bolan enjamlaryň sanawy hem bellenildi.

Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary emeli intellekti diňe bir aýratyn ugur hökmünde däl-de, eýsem, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynyň netijeliligini ýokarlandyrýan tehnologiýa hökmünde ösdürmegiň möhümdigini belledi. Ol talyplaryň halkara derejeli bäsleşiklere ukyply bolmagyny üpjün etmek maksady bilen «AI» boýunça başarnyklary ösdürmegiň ähli bilim ugurlarynda zerurdygyny aýratyn belledi. Şeýle-de, bu başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin hünärmenleriň goldawynyň zerurdygyny aýtdy. Şu nukdaýnazardan, jenap Sung Gang «Huawei» kompaniýasynyň hyzmatdaşlarynyň, şol sanda Şanhaý Transport uniwersitetiniň we Şençzheniň Politehniki uniwersitetiniň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy teklip etdi. Bu bilim edaralary halkara sanawlarda ýokary hatarlarda durýar, bu bolsa olaryň Türkmenistanyň bilim we tehnologiki çözümlerini ösdürmäge ýardam berjekdigini tassyklaýar.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: